Gymmatly gollanmanyň tanyşdyrylyş dabarasy

Ýakynda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik işiniň 12-nji jildiniň çapdan çykmagy mynasybetli duşuşyk geçirildi. Duşuşyga professor-mugallymlar, talyp ýaşlar gatnaşdylar. Bu ýerde çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň 2009-njy ýylda başyny başlan düýpli ylmy işiniň dowamy bolan ylmy-ensiklopedik kitabyň täze jildiniň aýratyn ähmiýetini bellediler.

Gahryman Arkadagymyzyň ýiti paýhasyndan syzylyp çykan kitaplar halkymyz üçin giň gollanma çeşmesi bolup hyzmat edýär. Ine, ýakynda milli Liderimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik işiniň täze jildi çapdan çykdy. Alym, lukman Arkadagymyzyň bu täze eseri köp ýyllyk tejribesiniň, alyp baran ylmy-gözleg işleriniň netijesi bolup, il-ulsumyza bahasyna ýetip bolmajak sowgat boldy. Täze kitap Watanymyzyň melhemler mekanydygyny nobatdaky gezek dünýä aýan edýändigi, ýurdumyzda bitýän ösümlikleriň dermanlyk häsiýetlerini açyp görkezýändigi, olaryň her biriniň aýratynlyklaryny düşündirýändigi bilen has hem gymmatly çeşmedir.

Söýenç Akmyradow,
Türkmen döwlet bedenterbiýe
we sport institutynyň 1-nji ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok