Desgalary tapgyrlaýyn hususylaşdyrmak işleri alnyp barylýar

«Eýeçiligiň döwletiň garamagyndan aýrylmagy we döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, Ministrler Kabineti tarapyndan ygtyýarly edaranyň hödürlemegi boýunça döwletiň garamagyndan aýrylmaga we hususylaşdyrmaga degişli bolan döwlet eýeçiligindäki kärhanalaryň we desgalaryň sanawy ylalaşylýar. Bu barada wise-premýer G.Müşşikow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen mejlisinde hasabat berdi.

Şunuň bilen baglylykda, Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan ýurdumyzyň ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleri bilen bilelikde gelip gowuşýan teklipleri jemlemek hem-de seljermek boýunça zerur işler yzygiderli alnyp barylýar.

Geçirilen işleriň netijeleri boýunça hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa degişli sanaw hödürlenildi. Bu sanawdaky desgalara Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky Pudagara merkezi toparyň mejlisinde bellenen tertipde seredildi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, häzirki wagtda ýurdumyzda döwrebap, durmuş ugurly ykdysady ulgamyň okgunly ösüşiniň gazanylandygyny belledi. Bu ykdysadyýet eýeçiligiň dürli görnüşlerine esaslanýar hem-de bazar gatnaşyklaryna tapgyrlaýyn geçilmegini göz öňünde tutýar.

Hojalygy ýöretmegiň netijeli usullaryny işjeň ornaşdyrmagyň, halk hojalyk toplumynyň pudaklarynyň kärhanalaryny dolandyrmak boýunça eýeçiligiň dürli düzümlerini döretmegiň esasynda bu ulgamda düýpli özgertmeleri amala aşyrmak maksady bilen, desgalary tapgyrlaýyn hususylaşdyrmak işleri alnyp barylýar.

Döwlet Baştutanymyz bu ugurda görülýän çäreleriň döwlete dahylsyz ulgamyň milli ykdysadyýetdäki paýynyň artmagyna ýardam edýändigini belläp, wise-premýeriň hödürlän teklibini hem-de degişli sanawy makullady.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok