N.I.Wawilow adyndaky Bütinrus ösümlikleriň genetiki çeşmeleri institutynyň hünärmenleri Demirgazyk polýusda gawun we garpyz ösdürip ýetişdirmek bilen, bu sowala özleriçe anyk jogap bermegi başardylar. Bu merkeziň alymlary gowy netije alandyklaryny aýdyp, indi şol şertlerde kiwi agajyny ösdürip ýetişdirmek hyýallarynyň hem bardygyny gizläp duranoklar.
– Polýusda gündiziň dowamly bolmagy birnäçe miwäni saýlamagymyza sebäp boldy. Olardan gawun we garpyz has gowy netije berdi, Polýus barlaghanasynda ýetişdirilen miwäniň hili gowy – diýip institutyň alym-kätibi Ýuliýa Uhatowa belleýär. Polýusda ýetişdirilen gawundyr garpyzyň tagamynyň we himiki düzüminiň Russiýanyň günorta sebitlerinde, ýagny Kubanda ýetişdirilen bakja önümleriniňkiden pes däldigi mälim edildi. Russiýanyň demirgazyk-günbataryndaky tejribe barlaghanasy 1923-nji ýylda belli botanik Nikolaý Wawilow tarapyndan esaslandyrylypdy.
Internet maglumatlary esasynda taýýarlan
Jeren Begenjowa,
TOHU-nyň talyby.
Teswirler