«Akylly» robot oba hojalygynda

Dürli ugurlarda iş alyp barýan «Alphabet» kompaniýasy tarapyndan taýýarlanylan täze robot daýhanyň bol hasyl almagyna ýardam eder. Tigirleri be-ýik bolansoň, ekine hiç hili zeper ýetirmeýän robot kompaniýanyň «Mineral» atly taslamasynyň çäklerinde kämilleşdirilýär.

Taslama ýolbaşçylyk edýän Elliott Grantyň bellemegine görä, oba hojalyk pudagynda has kämil tehnikalaryň ulanylmagy önümçilik usullaryny has-da kämilleşdirmäge ýardam eder.


Taslamanyň çäklerinde işlenip düzülen robot geçen birnäçe ýylyň dowamynda Kaliforniýadaky ýertudana hem-de Illinoýsdaky kösükliler maşgalasyndan bolan soýa ekilen ýerlerde işledilipdir. Robot her bir ösümligi surata alyp, olary belli to-parlara bölmek bilen, ösümlik barada her taraplaýyn maglumatlary toplapdyr. Şeýle maglumatlar bolsa, daýhanlar üçin diýseň ähmiýetlidir. Topraga tohum taşlananda tä hasyl döwri aralygynda zerur maglumatlar bilen üpjün edip, öz çykdajyly we daşky gurşawa zyýansyz önüm öndürmekde «Mineral» taslamasy-nyň wekilleri eýýäm Argentina, Kanada, Günorta Afrika we ABŞ ýaly ýurtlarda-ky daýhanlar bilen hyzmatdaşlyk edip başladylar.


Internet maglumatlary esasynda taýýarlan
Bägül Amannazarowa,
TOHU-nyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok