“Zer gadyryn – zergär biler”

Türkmen halkynyň zergärçilik sungaty, öz gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýar. Elbetde birnäçe gymmat bahaly materiallaryň ýüzüne daşjagazlar goýup bezemek şeýle-de taýyn görnüşe getirmek köp aladany we işi talap edýär. Şeýle-de bolsa, bu hünär bilen meşgullanýan adamlar az däl. InAshgabat redaksiýasy bu gün, şeýle ajaýyp sungat bilen meşgullanýan zergär bilen söhbetdeş boldy. Bu söhbetdeşligi siziň dykgatyňyza ýetirýäris.

–  Ilki özüňiz bilen tanyş edäýseňiz?

– Men S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Agroekologiýa fakultetiniň 5-nji ýyl talyby Rozmyrat Rozyýew.

Rozmyrat okuwyňdan daşary meşgullanýan zergärçilik sungatyna haçan başladyň we bu sungat barada aýdyp beräýseň?

– Elbetde, zergärçilik inçe sungat bolup durýar. Sungat öz gözbaşyny alyslardan alyp gaýdýandygyna gazuw-agtaryş işleri geçirilende tapylan tapyndylar şaýatlyk edýär. Bu sungaty öwrenmek birnäçe ýyllary talap edýär. Şeýle-de bolsa dogrusy bu sungatyň bir içine girseň çykasyň gelenok. Men hem bu sungata çagalykdan başladym, ýagny elime ilkinji zergär guralyny bäşinji synpda aldym.

– Bu kär bilen meşgullanmagyňa näme sebäp boldy?

– Bu kär bilen meşgullanyp başlamagymyň arkasynda kakam bar. Sebäbi men entek okuwçy wagtym kakam zergär üçin gerekli gurallary satýardy. Bu gurallary görüp, mende bu inçe sungata bolan höwes döredi. Zergärçilik sungatyny öwrenmek azyndan iki ýyla golaý wagty talap edýär.

– Rozmyrat indi bize şaý-sepleriň ýasalyşy barada hem aýdyp beräýseň?

Şaý-sepleri ýasamak üçin ilki gerekli gurallar bolmaly.
 1. Çekiç – gaş kakmak üçin;

2. lobiz – pilka kakmak we nagyş kesmek üçin;
3. Krugly – gaç oýluk ýasamak üçin;
4. Plosgy – kümüş materiýalyny gönülemek üçin;
Ýokarda agzalan gurallar zergäriň esasy gurallarydyr. Şaý-sepleri ýasamak üçin ilki ölçeg alynýar, şekiller çyzylýar we ülňi taýýarlanylýar.  Ondan soň bolsa bu ülňi materiýalyň ýüzüne geçirilýär we islege görä nagyşlar bilen örtülýär. Gaşlar kakylýar. Şaý-sep ýasalýan wagty galan gyryndylar we külkelerden hem aýawly peýdalanmalydyr. Esasy üns bermeli zatlaryň biri hem, işler dowam edýän wagty ellere we göze üns bermeli. Seresaply bolmaly!

– Rozmyrat beren gyzykly gürreňleriňiz üçin sagboluň! Size okuwyňyzda we işiňizde uly üstünlikleri arzuw edýäris!

– Sagboluň!

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok