Daşary işler ministrliginde Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň hem-de Halkara türkmen alabaý itleri assosiasiýasynyň alyp barýan işlerine bagyşlanan halkara brifing geçirildi.
Çärä Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň we Halkara türkmen alabaý itleri assosiasiýasynyň Russiýadan, Germaniýadan, Şweýsariýadan, Italiýadan, Hytaýdan, Türkiýeden, Eýrandan, Gruziýadan, Ukrainadan, Özbegistandan bolan daşary ýurtly agzalary wideoaragatnaşyk arkaly gatnaşdylar.
Türkmen tarapynyň çykyşynda milli baýlyklarymyz, hususan-da, ahalteke bedewlerini we alabaý itlerini goramak boýunça geçirilýän işler barada aýdyldy hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen döredilen, ady agzalan assosiasiýalaryň işini kämilleşdirmek nukdaýnazaryndan şu günki duşuşygyň derwaýys ähmiýeti bellenildi.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň we ÝUNESKO-nyň hyzmatdaşlyk etmegi netijesinde, ýurdumyzyň Gadymy Merw, Köneürgenç we Gadymy Nusaý ýaly taryhy-medeni ýadygärlikleri, «Görogly» şadessany, «Küştdepdi aýdym we tans dessury» hem-de Türkmen milli halyçylyk sungaty adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi.
Häzirki wagtda Türkmenistan tarapyndan ahalteke atlaryny seýislemek sungatyny we türkmen alabaý itlerini köpeltmegiň milli aýratynlyklaryny ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizmek boýunça teklip öňe sürüldi.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň kitaplarynda alabaýlaryň we ahalteke bedewleriniň türkmen halkynyň durmuşynda hem ykbalynda eýeleýän orny hakynda gürrüň berlip, bu eserlerde köpýyllyk barlaglar, oýlanmalar, taryhy we edebi maglumatlar getirilip, milli baýlyklarymyzyň medeni aýratynlygy açylýar.
Brifingde “Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň, Halkara türkmen alabaý itleri assosiasiýasynyň, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň, Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň adyndan çykyş edenler ýurdumyzda milli atçylygy we itçiligi ösdürmek boýunça görülýän çäreler, bu ulgamlaryň döwrebap düzümi hem-de olar üçin işgärleri taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada gürrüň berdiler.
Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzasy, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň «Jeýkob Ferdezuçt GBR» atçylyk firmasynyň direktory Katarina-Irena Ýakob türkmen hyzmatdaşlary bilen köpýyllyk özara gatnaşyklaryň aýratyn netijeli häsiýetini nygtady.
Halkara türkmen alabaý itleri assosiasiýasynyň agzasy, Russiýanyň Kinologik guramalar birleşiginiň kinolog bilermeni Irina Staşewskaýa gadymy kökleri bolan alabaý itleriniň tohumynyň özboluşlylygyny aýratyn belläp, hyzmatdaşlyk etmek boýunça pikirlerini we tekliplerini beýan etdi.
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen
oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy
Şatlyk Jumabaýew.
Şeýle-de okaň:
Türkmen halysy ÝUNESKO-nyň adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi
Türkmen atlary Eýranda geçirilen festiwala gatnaşdy
«Türkmeniň nusgalyk alabaýy» atly žurnalyň birinji sany çapdan çykdy
Ýaponiýanyň Hasegawa atçylyk fermasynda ýene bir Ahalteke taýçanagy dünýä indi
“Ahalteke atlarynyň gözelligi şekillendiriş we amaly-haşam sungatynda”
Bütindünýä haýwanlar güni
Baýramçylyga bagyşlanan at çapşyk geçirildi
Möwsümiň soňky çapşyklary
BEDEWLI IL — BAGTLY IL
Tähranda Türkmenistanyň medeniýet günleri geçirilýär
Gurban baýramçylygyny görmek üçin Türkmenistana geldiler
Edara binasy Aşgabatda ýerleşen Halkara türkmen alabaý itleri assosiasiýasynyň esaslandyryjy mejlisi geçirildi
Alabaý itleriň tohumçylyk merkezi we ýaryş meýdançasy
Teswirler