2019-njy ýylyň 12-nji iýunynda “Ylymlar güni” mynasybetli hormatly Prezidentimiziň karary bilen “Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we Informatika Instituty” açylyp ulanylmaga berildi. Institutymyzyň Ýaş alymlar gerňeşiniň agzalary birnäçe taslamalary döretmegiň işlerini alyp barýarlar. Olardan mysal hökmünde VR Reality, gün paneli, IP týuner, akylly öý ulgamy ýaly taslamalary getirmek bolar.
Hyýaly hatykat 3D taslamasy barada aýdanymyzda:
Hyýaly hakykat-tehniki serişderiň kömegi bilen döredilen dünýä. Bu dünýä bilen ulanyjy, duýmak, eştmek we görmek ýaly duýgulary arkaly arabaglanşyp bilýär. Hyýaly hakykat, täsiri we onuň netijesinde döreýän prosesi alamatlandyrmaga ukyplydyr. Hyýaly hakykatdaky obýektler adatça hakyky dünýädäki obýektlerden tapawutlanmaýar. Ulanyjylar bu obýektlere fiziki kanunlara laýyklykda täsir edip bilýärler (grawitasiýa, suwuň häsiýetnamalary, obýektler bilen çaknyşmak we ş.m). Emma köp halatlarda gyzyklanmany artdyrmak üçin ulanyjylara, hakyky dünýäde mümkin bolmaýan zatlar elýeter bolup durýar (mysal üçin: uçmak, dürli obýektleri döretmek we ş.m.)
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň Ýaş alymlar geňeşinde ýerine ýetirilen bu taslama, aragatnaşyga degişli hünärlerde okaýan talyplar üçin ýada aragatnaşyk pudagynda işleýän hünärmenler üçin işlenip taýýarlanandyr. Bu taslamanyň maksady talyplaryň nazaryýetde alýan bilimlerini sanly ulgam arkaly has çuňdan özleşdirmekleridir. Ýaş alymlar geňeşiniň agzalary tarapyndan ýörite işlenip taýýarlanan programma üpjünçilik, talyplara emeli hemrany öwrenmäge mümkinçilik berýär.Bu programma üpjünçlik arkaly hyýaly tejribe otagy döredildi we bu otagda emeli hemra düzüji bölekler boýunça ýerleşdirilendir, munuň sebäbi bolsa talyplaryň her bir düzüm bölegini, onuň ýerine ýetirýän funksiýalaryny aýratynlykda öwrenmekleridir. Bu tejribehanada başgda birnäçe görnüşli emeli hemralar ýerleşdirlendir. Talyp tejribehananyň içinde “Teleport” diýip atlandyrylýan funksiýa arkaly ornyny üýtgedip biler. Ulanyjy, hemranyň düzüji bölegini eline alan halatynda, okamak üçin amatly bolan şekilde bir ýazgy döreýär we bu ýazgyda şol bölegiň ady we ýerine ýetirýän funksiýalary ýazylýar. Şeýlelik bilen talyp ýada hünärmen her bir düzüji bölegi aýratynlykda öwrenip onuň ýerine ýetirýän funksiýaslary bilen içgin tanyşmaga mümkinçilik gazanýar.
Goşaýewa Oguljemal,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar
we informatika institutynyň talyby.
Teswirler
Öran gyzykly minnetdarys!!!
Oguljemal Goshayewa örän gyzykly makala üçin sag bolsun aýdýars!!! Ýene-de şular ýaly makalalaryňa garaşýarys.
Örän gyzykly makala eken