Bambuk nähili ösümlik? Nähili aýratynlyklary bar?

Bambuk adamlar üçin örän peýdaly ösümlik bolup durýar. Esasanam, soňky ýyllarda bambuk öý bezeglerinde ýygy-ýygydan ulanylýar. Bu ösümlik Aziýada, Demirgazyk we Günorta Amerikada we Afrikada ösýärler.
Görülen iň uly bambuk görnüşi, galyňlygy 80 sm we uzynlygy 38 metre ýetýär. Käbir bambuk görnüşleri seýrek gülleýär. Bambuklaryň iki görnüşi bar.

Birinjisi: agaç ýaly ösýän, gabykly, inçe ýaprakly, uly gülleri bar bolan bambukdyr.

Ikinjisi: ot ýaly ösýän we beýikligi bir metrden köp bolmadyk inçe görnüşli bambukdyr.
Çeýeligi sebäpli, olar tiz döwülýärler. Bambuk iýmit, egin-eşik, mebel, gurluşyk materiallaryndan başlap köp ugurlarda ulanylýar. Hytaýda we Ýaponiýada iň möhüm girdeji çeşmelerinden biri bolan bu ösümligi ösdürip ýetişdirmek sabyrlylygy talap edýän işdir. Ekilenden bäş ýyldan soň ösüp başlaýarlar. Şeýle-de bolsa, gögerenden soň ösüş depgini gaty ýokary bolan ösümlik gysga wagtyň içinde uzynlygy metrlere ýetýär.
Bambuk esasan yssy we tropiki howa şertli ýurtlarynda ösýär. Ylmy ady Bambusoideae bolan ösümligiň 1300-den gowrak görnüşiniň bardygy mälimdir. Bambuk köp ýyllyk ösümlikdir. Bu ösümligiň 120 ýyla çenli ýaşaýan görnüşler hem bar.

Bambuk ösümligini ösdürip ýetişdirmek üçin esasy üns bermeli zatlar:


• Bambuk ösümligi gün şöhlesini gowy görýär şonuň üçin rahat ösmegi üçin günüň şöhlesi zerurdyr.
• Tohum görnüşinde ekilse, suwaryş we yzygiderli dökün bermeli bolup durýar. Şeýle-de bolsa, bäş ýyl ýaly uzak wagtyň içinde gögerýär.
• Gün şöhlesi bar ýerde, ýapraklar güne tarap ýykylýar.
• Öýde ösdürilip ýetişdirilen bambuk ösümlikleri üçin yşyklandyryjy çyralar ulanylyp bilner.
• Şemaldan we sowuk howadan goramaly.
• Ösümlik sagdyn bolmak üçin wagtly-wagtynda ýapraklaryny dökýär.
• Öýde ösdürip ýetişdirmek isleseňiz, azyndan 45 sm çuňlukda bir küýzäni ulanmaly.

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen
oba hojalyk uniwersitetiniň talyby
Orazjemal Berdiýewa.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok