Alma peýdaly miwe

Oba hojalygynyň ähli pudaklarynyň, şol sanda bagçylygyň hem düýpli ösýän häzirki döwründe ýurdumyzda miweli baglaryň meýdany yzygiderli köpelýär. Hojalyklaryň, ýagny hususyýetçileriň, daýhan birleşikleriniň ençemesinde bagçylyk iň güýçli we girdejili pudaklaryň birine öwrüldi. Şunda alma Türkmenistanda iň köp ýaýran miweli agaçlaryň biridir.
Almanyň düzüminde organiki turşulyklar (alma we limon), şeker, glýukoza, fruktoza, efir ýaglary, Ñ, Â, P, A ýokumlary, kletçatka, pektin maddalar, mineral duzlar (demir, marganes, kaliý, natriý, kalsiý), fitonsidler we beýleki maddalar saklanýar. Alma köplenç tohumyndan we çybygyndan köpelýär we köp ýaşaýar. Onuň hasyl berýän döwri 40-50 ýyla ýetýär. Alma agajy köplenç üstünden birnäçe ýyl geçen şahalarda, şol şahalardan aýrylýan hasylly pudaklarda, käte bolsa agajyň birýyllyk çybyklarynda-da miwe getirýär.
Alma miwesinden mürepbe, şireler, jemler taýýarlanylýar, olar guradylan görnüşinde hem ulanylýar.

Bagtyýar Suýunow,
TOHU-nyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok