Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar institutynyň Jemgyýetçilik guramalary tarapyndan “Edep bilen bagt tapylar” atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Bu wagyz-nesihat çäresine Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar institutynyň Zenanlar guramasynyň başlygy,institutymyzyň şepagat uýasy we Kömekçi mekdebiň mugallymy hem-de institutyň talyp gyzlary gatnaşdylar.
Çäraniň dowamynda çykyş edenler öziňi alyp barmagyň medeniýeti, sagdyn durmyş ýörelgesi, ula-kiça hormat goýma, ahlak kadalary, öziňi alyp barmak kadalary, jemgyýetçilik ýerlerde sözleýiş medeniýeti, administratiw jogapkärçilik, käbir hukuk bozulmalar üçin milli kanunçylykda göz öňinde tutulýan jogapkärçilik, sagdyn bolmagyň, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermegiň, dogry iýmitlenmegiň, dogry geýinmegiň we öziňi goramagyň düzgünleri barada giňişleýin maglumat berdiler.Ýaşlaryň arasynda tertip-düzgün, hukuk bozmalara, ýaramaz endiklere baş goşmazlygy, korrupsiýanyň we parahorlygyň biziň neslimize ýetirjek zyýanlary, “Korrupsiýa hakynda”, “Döwlet gullugy hakynda”, we “Döwlet gullygynyň işgäriniň öziňi alyp barmagy hakyndaky” Türkmenistanyň kanunlary barada durlup geçildi.
Kömekçi mekdebiň mugallymy öz çykyşynda öwüt-nesihatlary, edep-terbiýeçilik tymsallary, hekaýalary, gyzykly gürrüňleri berdi. Talyplara durmuşda dogry ýoly saýlap almaklary, arassa, halal zähmet çekmekleri, watana wepaly ýaşlar bolup ýetişmekleri dogrusynda aýdylan gürrüňler olarda täsir galdyrdy. Wagyz-nesihat çäresiniň ahyrynda Berkarar döwletin bagtyýarlyk döwründe okamaga, döretmage, işlemage, şeýle mümkinçilikleri döredip berlendigi üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýurekden sagbolsyn aýdyldy. Gahryman Arkadagymyzyn janynyň sag, ömriniň uzak bolmagyny, il-yurt bähbitli, dünýa ähmiýetli beýik işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw edildi.
GUNÇA HAMEDOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.
Teswirler
Örän manyly makala, berekella Guncash