Sanly tehnologiýalara daýanýan ylym-bilim

Adamzat  ylym  öwrenmek  bilen  dünýä  akyl  ýetirip  bilýär.  Hiç  bir  adam  ylym  öwrenip  onuň  aňyrsyna  çykan  däldir. Ylym – bu  ummasyz  baýlykdyr.  Ylym – kämilligiň  gözbaşydyr.  Bu  baýlyk  ynsanyň  dünýägaraýşyny  giňeldýär. Ýer ýüzünde bolýan wakalara, hadysalara bolan garaýşyny ösdürýär. Şeýlelikde, gadym  döwürlerden  başlap  häzirki wagta çenli  birnäçe  açyşlaryň  netijesinde  ylym  häzirki  derejesine  ýetdi.

Berkarar  döwletimiziň bagtyýarlyk  döwründe ,,Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” ýylynda hormatly  Prezidentimiziň  tagallalary  netijesinde  ýurdumyzda  ýaşlaryň  döwrebap  bilim  almaklary, halkyna, Watanyna ylymly, zähmetsöýer  adamlar  bolup  ýetişmekleri  üçin  birnäçe  amatly  şertler  döredilýär. Bu mümkinçilikler ýaşlaryň ata Watanymyza bolan söýgüsiniň ýokary derejede bolmagyna, döwletimiziň ösüşiniň mundan beýläk-de has-da ýokary bolmagyna özleriniň goşantlaryny goşmaklaryna uly ýardam berýär. Muňa mysal edip, mekdep okuwçylarydyr talyp ýaşlar ýurdumyzda, şeýle hem daşary ýurtlarda geçirilýän halkara derejesindäki  olimpiadalara  gatnaşyp baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar.

Ýurdumyzda ähli ulgamlaryny, esasan hem ylym-bilimi ýokary, ösen derejelere ýetirmek üçin sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak örän möhüm ähmiýete eýedir. Hormatly Prezidentimiz öz çykyşlarynda: ,,Biz ýurdumyzda özgertmeleri yzygiderli amala aşyrýarys. Bu ugurda diňe bir ykdysadyýetiň ösmegi üçin däl-de, eýsem jemgyýetimiziň ösmegi üçin esas hökmünde bilim ulgamyna aýratyn üns berýäris” diýip belleýär. Şeýlelik-de, Gahryman Arkadagymyzyň  ýaşlar üçin edýän çäksiz aladalary netijesinde sanly bilimi ornaşdyrmak boýunça birnäçe düýpli işler amala aşyrylýar.  Bu babatda ,,Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň konsepsiýasy” kabul edildi. Bu konsepsiýanyň esasynda hem orta we ýokary okuw mekdepleri döwrebap kömpýuterler, okuw-tehniki enjamlary, interaktiw-multimediýa tehnologiýalary, elektron kitaplar bilen üpjün edildi. Indi her ýyl hormatly Prezidentimiz tarapyndan 1-nji synpa barýan okuwçylara kompýuter sowgat berilýär. Bu bolsa kiçi ýaşly mekdep okuwçylaryň hem kompýuter endiklerini ösdürmekde uly mümkinçilik döredýär. Şeýle-de ýurdumyzyň ýokary okuw jaýlarynda sanly bilim ulgamynyň tor programma üpjünçiligi, onuň binýadynda bolsa sanly bilim portaly girizildi. Indi talyplar sanly bilim portalyny ulanyp okuw sapaklaryna degişli elektron kitaplaryndan ýeňillikli peýdalanmaga mümkinçilik döredi. Mundan başga-da sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy netijesinde, ýokary  okuw mekdepleriniň  arasynda sanly wideoşekilli maslahatlar hem guralýar. Teleköprüli we wideoşekilli sapaklaryň guralmagy, onlaýn duşuşyklarynyň geçirilmegi bilimiň binýadyny has-da giňeldmäge giň ýol açýar.

Hormatly  Prezidentimiziň ,,Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işleri boýunça bäsleşigi guramak hakyndaky” Kararyna laýyklykda,  her ýyl ýurdumyzyň zehinli ýaşlaryny ylma, bilime we täze tehnologiýalara bolan höwesini artdyrmak maksady bilen, şeýle hem Ylymlar güni  mynasybetli ylmy bäsleşik guralýar.  Bu bäsleşik ýurdumyzda ylmy ýokarlandyrmaga höwes bilen çemeleşýän ýaşlaryň zehin başarnyklaryny açyp görkezmäge uly mümkinçilik döredýär.

Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan  syýasatynyň netijesinde ýurdumyzda sanly tehnologiýalara daýanýan ylmyň, bilimiň ösdürilmegi ugrunda birnäçe işler durmuşa geçirilýär. Ylym-bilim syýasatynda edýän aladalary üçin Gahryman Arkadagymyza köp sagbolsun aýdýarys. Goý, hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli tutýan tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

Begenç AŞYROW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary  institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok