Biziň gündelik durmuşymyzda içmek, kir ýuwmak, gigiýenany kadaly ýagdaýda saklamak, iýmit taýýarlamak we ş.m. üçin sarp edilýän suwuň mukdary adamzadyň bütin ömrüniň dowamynda sarp edýän suwuň mukdaryndan ençeme esse azdyr. Adamlar suwuň köp mukdaryny gönimel ulananda däl, eýsem haryt önümçiliginde, hyzmat ediş sferasynda sarp edýärler.
Haçanam bolsa, bir wagt siz 1 kg mekgejöweni ösdürip ýetişdirmek üçin näçe mukdarda suwuň sarp edilýäni hakynda pikirlenip gördüňizmi? Ýa-da hasyl ýetişdirip, şol mekgejöweni gaplamak üçin niýetlenen gaby taýýarlamaga näçe mukdarda suw sarp edilýär? Ýene-de bir mysal, 1 kg göläniň (iri malyň) etini öndürmek üçin näçe mukdarda suw ýeterlik? Bu ýerde gürrüň 10, 20 ýa-da 100 litr suw hakynda däl, hakykat-da bolsa, 3,5 müň litr suw sarp edilýär.
Täsin ýagdaý, etiň düzüminde onça mukdarda suw ýok, emma 1 kg iri malyň etini öndürmek üçin, sygyr ýa-da göle gerek. Ösüp ulalýança ot-iým, suw içmeli bolýar. Şunlukda biz şonça mukdardaky suwy, ot-iým maksatly ekinler ösýän meýdanlary suwarmak üçin sarp edýäris. Görnüşi ýaly, suw iň köp mukdarda oba hojalygynda sarp edilýär.
Ý. Saryýewa
TOHU-nyň mugallymy
Çeşme: Wokrug sweta žurnaly, 8/2020 sany
Teswirler