Köýtendagyň täsin tebigat gözellikleri

Köýtendagyň iň beýik depesi Aýrybabadyr. Ol umman derejesinden 3139 metr ýokarda ýerleşip, ýurdumyzyň çäklerinde iň beýik depe, ýagny Watanymyzyň iň beýik nokady hasaplanylýar.
Köýtendag döwlet goraghanasy 1986-njy ýylyň iýul aýynda döredilýär. Onuň tutýan meýdany 27 müň 139 gektara ýetýär. Onuň düzümine aýratyn çäkli goraghanalaryň 3-si girýär. Olar Garlyk, Hojaburjy, Hojaburjy goraghanalarydyr. Bu ýerde ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek üçin ýörite işler amala aşyrylýar.

Dinozawrlaryň belent tekizligi

Hojaýpil obasynda dinozawrlaryň belent tekizligi atly täsin bir ýer bar. Professor W.M.Sedleskiniň çaklamalaryna görä, bu sudurlarda takmynan 150 million ýyl mundan ozal ýaşap geçen ot iýiji jandarlaryň – iguanodontlaryň we ýyrtyjy dinozawrlaryň yzlarynyň alamatlary bardyr. Yzlar daş keşbi boýunça üç barmagyň anyk bildirýän sudurlary bolup durýar. Yzlaryň aradaşlygy 1,5 metr töweregi bolup, iri dinozawrlaryň boýy 8-12 metre, göwresi 5 metre, agramy bolsa 5-den 10 tonna çenli bolupdyr diýlip çaklanylýar. Uly möçberli yzlaryň arasynda uzynlygy 45 santimetre barabar bolan has kiçi sudurlar hem gabat gelýär. Bu ýerde aýak yzlaryň 400-den gowragynyň bardygy anyklanylandyr. Bütin Köýtendagda dinozawrlaryň aýak yzlarynyň jemi 2500 sanysy bardyr. Bu täsinligi öwrenmek, goramak maksady bilen 1990-njy ýylyň 3-nji awgustynda dinozawrlaryň belent tekizligi tebigy ýadygärlik diýlip yglan edildi.

Mumyýa

Köýtendagyň üýtgeşik ösümlik we haýwanat dünýäsi, çeşmeleri, onuň ýokardaky gat-gat daşlary, aşak gaýdaýjak bolup duran dereleri bu ýere gelýän adamlary, syýahatçylary haýran galdyrýar. Müň bir derdiň dermany hasaplanylýan mumyýa, barmasy gaty kyn bolan gat-gat daşly gaýalarda bitýän ekeni.
Hazir ki wagtda alymlar mumyýany gowy öwrendiler we ony öwrenmegi dowam edýärler. Himiki barlaglaryň netijesinde onuň düzüminde organiki serişdeleriň köp derejede bardygy anyklanyldy.

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen
oba hojalyk uniwersitetiniň talyby
Halmuhammet Atamyradow.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok