Türkmen halky gadymy döwürlerden bäri şatlykly günlerini we möhüm senelerini uludan toý tutup, dabaralandyryp gelipdir. Gelin toýy halkymyzyň tutýan toýlarynyň naýbaşylarynyň biridir. Şol sebäpli-de bu toý bilen baglanyşykly däp-dessurlaryň köpüsi biziň günlerimize çenli gelip ýetipdir. Gelin toýlaryň çäklerinde geçirilýän mysaýyp ýagny dost toýy Balkan welaýatynda giňden meşhurdyr. Mysaýyp toýunda öýlenýän ýigidiň iň ýakyn dostynyň öýünde-de toý tutulýar. Ol öýlenýän ýigidiň iň ýakyn kömekçisi hasaplanýar.
Bir gün maşgalamyz bolup otyrkak ýylgyryp Akbäbek gelneje salam berip öýe girdi-de: “Salam goňşy menä Güýçjana gudaçylyga gitjek, senem men bilen gidäýseň” diýdi. Biz bu habara begenip uçaýjak bolduk. Sebäbi doganym Rüstemiň çagalykdan dogan ýaly gatnaşyp gelýän mysaýypyna guda gidiljek bolup durdy. Bu biziň hem mysaýyp toýa taýýarlyk görmelidigimiziň habarydy. Ynha sanlyja günden sähet alyp toý başlandy.Türkmeniň toýuny gatlamadyr, pişmesiz göz öňüne getirmek mümkin dal. Akbäbek gelnejedir ejem goňşy aýallar biri -birinden şadyýan gazal aýdyp gatlama ýaýarlar pişme pişirýärler. Türkmende toý bolarda gazal bolazmy?! Goňşymyz Enejan daýza gazal aýdyp berip göwünleri joşa getirýän bolsa goňşy gyzlar hem onuň mahmal ýaly sesine küşt depýärler. Enejan daýzanyň gazallary meni hem biparh goýmady. Nädip oňa goşulanymy duýmandyryn:
Halaýyga, halaýyk,
Salamaeýlek halaýyk,
Geliň üýşüp gutlalyň,
Doganym bolýar mysaýyp.
Bir synypda okadylar,
Özlerini dogan saýyp.
Bu gün Güýç jan öýlenýär,
Doganym bolýar mysaýyp.
Akbäbek gelneje hem güler ýüzi bilen gelen – gideni mähirli garşylap otyrdy. Şeýdip toýuň hem birinji güni geçip ikinji ýagny geňeş güni gelip ýetdi. Geňeş güni gadymy döwürleren bäri mysaýyby esasy kömek goldaw berip hyzmat edýär we şol güniň gijeki şatlygyny özi gurnap berýär. Ýaşulular ertirki toýuň maslahatyny edýärler, ýigidiň dostlary oturan ýaşululara çaý suw eltip hyzmat edýärler. Geňeş güni hem şatlyk şowhun bilen bilen sowuldy. Ir säher bilen hemmeler kejebä gitmäne taýýarlyk görýärdiler. Oba ýaş ululary säher wagty doga-dileg edip, gelinalyjyny ýola saldy. Ynha hem şatlyk – şowhun bilen gelin bilen kejebe-de dolanyp geldi. Töweregi aýdym-sazyň joşgunly owazy, gülki – gazal gurşap aldy. Gelin ilki gaýyn öýine getirilip seçgi seçilip, ýagşy dileg bilen maňlaýyna un çalyp, gelini garşy alyp duz dadyrylyp yzyndan bolsa, gaýyn öýi bilen deň derejede görülýän mysaýybynyň öýine tarap ugradyldy. Biz muňa diýseň begendik edil öz doganym öýlenýän ýaly küşt depip, gazal çekip gelni garşyladyk. Ejemdir dogan garyndaşlarymyz gelniň öňünden çykyp, seçgi seçdiler. Öňüne dürli-dümen goýup, duz tagam dadyrdyk. Ejem täze gelni serpaý ýapyp arzylady. Mysaýyp toýy öýmizde gijagşama çenli aýdym-saza beslenip dowam etdi.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby,
Arzygül TEKEMYRADOWA
Teswirler