Altyn güýzüň häzirki amatly günlerinden ýerlikli peýdalanýan Mary welaýatynyň hasyl ussatlary «ak altynly» meýdanlarda zähmetiň ýokary nusgasyny görkezip işleýärler. Olar «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda 180 müň gektarda gowaça ekip, onuň bereketli hasylyny ýetişdirdiler. Her düýp gowaçadaky penje-penje hanalary göreniňde, şeýle bereketli hasyly ýetişdirmegi başaran kärendeçi daýhanlara, ýer eýelerine, mülkdarlara buýsanç bilen müň mertebe alkyş aýdýarsyň. Gözüň ýagyny iýip barýan akja hanalary ýagyş-ýagmyra galdyrman, gysga wagtda ýygnap almak — her bir daýhanyň baş maksady.
Wekilbazar etrabynyň hasyl ussatlary-da pagta ýygymyny guramaçylykly, ýokary depginde alyp barýarlar. Olar oba zähmetkeşleri üçin döredilýän ähli şertlerden galkynyp, öndürijilikli zähmet çekýärler. Etrabyň daýhanlary 15 müň 400 gektar meýdana gowaça ekip, bereketli hasyly ýetişdirdiler. Ýygym ýaly hysyrdyly işiň köp bölegini tehnikalar ýerine ýetirýär. Deslapky berlen maglumata görä, häzirki günlerde etrap boýunça 29 sany pagta ýygýan kombaýn «ak altynly» meýdanlara çykarylýar. Olaryň güýji bilen her günde onlarça gektar meýdanyň hasyly ýygnalyp alynýar we ýüzlerçe tonna hasyl harmana tabşyrylýar. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berýär.
Kombaýnlary toparlaýyn işletmek, ýygyma gatnaşýan tehnikalara iş üstünde tehniki hyzmat etmek üçin ýörite toparlar döredildi. Olar gerekli bolan ätiýaçlyk şaýlary, ýag, ýangyç, çalgy ýaglary bilen üpjün edildi. Bu geçirilen işler kombaýnlaryň öndürijiligini artdyrýar. Etrap boýunça her günde ortaça 730 tonna töweregi hasyl ýygnalýar.
Etrabyň edermen hasyl ussatlary möwsümiň ahyryna çenli 31 müň 300 tonnadan aşyryp, gowaça hasylyny ýygnamady meýilleşdirýärler.
Orazberdi Täşliýew,
TOHU-nyň talyby.
Teswirler