Ýurdumyzyň DIM-inde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasarynyň Birleşen Arap Emirlikleriniň daşary işler we halkara hyzmatdaşlyk ministriniň orunbasarynyň wideomaslahat görnüşindäki duşuşygy geçirildi.
Diplomatlar syýasy-diplomatik ugur boýunça özara hereketlere seredip, sebit we halkara gün tertibi boýunça nukdaýnazarlarynyň gabat gelýändigini nygtadylar. Taraplar halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, BMG-niň çäklerindäki işjeň hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar hem-de parahatçylyk söýüjilikli başlangyçlarynyň durmuşa geçirilmegi boýunça özara gatnaşyklaryň dowam etdirilmegi babatynda pikirlerini beýan etdiler.
Duşuşygyň barşynda häzirki döwrüň wehimlerine we howplaryna, hususan-da, COVID-19 pandemiýasyna garşy göreşmek boýunça hyzmatdaşlyga aýratyn üns berildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow koronawirusyň ýaýramagy bilen baglanyşykly dünýäde emele gelen ýagdaýa uly ähmiýet berýär. Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna gyzyklanma bildirildi.
Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasynda Hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki komitetiň göni wideoaragatnaşyk arkaly geçiriljek üçünji mejlisine taýýarlyk görmek, şol sanda duşuşygyň gün tertibi babatda pikirleri alyşmak maslahatyň esasy temalarynyň biri boldy.
Diplomatlar nobatdaky duşuşygyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň, hususan-da, söwda, maýa goýumlary, nebitgaz pudagy, energetika, gurluşyk, oba hojalygy, ekologiýa, azyk howpsuzlygy, bilim, ylym we medeniýet ulgamlaryndaky gatnaşyklaryň mundan beýläk-de çuňlaşdyrylmagyna itergi berjekdigine ynam bildirdiler.
Teswirler