Türkmenistan bilen Gazagystan sebit ähmiýetli ulag-üstaşyr geçelgelerini işjeňleşdirmegi ara alyp maslahatlaşdy

“Turkmendemirýollary” agentliginiň edara binasynda “Gazagystan demir ýoly» milli kompaniýasynyň” Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysynyň hem-de Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan Daşary we Doly ygtyýarly ilçisiniň gatnaşmagynda wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen maslahatyň barşynda döwletara hem-de sebit ähmiýetli ulag-üstaşyr geçelgelerini işjeňleşdirmegiň ileri tutulýan meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Çäk taýdan amatly ýagdaýy eýeläp, sebit we sebitara ýollaryň strategik çatrygynda ýerleşýän Türkmenistan örän uly üstaşyr, ulag kuwwatyna eýe bolup, ony has netijeli amala aşyrmaga çalyşýar. Duşuşykda hökümetara ylalaşyklary durmuşa geçirmek, üstaşyr-ulag ulgamynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem dowam etdirmek barada gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy.

Ýewropa bilen Aziýany baglaýjy möhüm halka hökmünde Türkmenistan — Gazagystan — Eýran transmilli ulag geçelgesiniň işlemegi, şeýle hem “Demirgazyk — Günorta” demir ýolunyň hereket etmegi bilen bagly meselelere aýratyn üns berildi, şol sanda ony ulanmak boýunça bilelikdäki çäreleriň birnäçesi kabul edildi.

Taraplar halkara ulag-üstaşyr ýollaryň geçirijilik ukybyny netijeli peýdalanmak, demir ýol konteýnerleriniň daşalýan mukdaryny has-da artdyrmak hem-de olaryň çäklerini giňeltmek maksady bilen nyrh syýasatyny ara alyp maslahatlaşdylar.

Mundan başga-da, türkmen hünärmenleri Türkmenbaşy — Aşgabat — Mary — Türkmenabat demir ýol bölegini döwrebaplaşdyrmak we elektrikleşdirmek taslamasyny amala aşyrmak boýunça hyzmatdaşlyk etmek meselesi hakynda-da durup geçdiler. Şunuň bilen baglylykda, taraplar bu ugurda hyzmatdaşlygyň täze meýilnamalaryny ara alyp maslahatlaşmaga taýýardyklaryny tassykladylar.

Başga Habarlar

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok