Şekillere bürenen miwe, gök-bakja önümleri

Gelejekde Türkmenistan ýurdymyzda Ýürek şekilli alma, ýyldyz şekilli hyýar, dört inedördül şekilli garpyz, miwe we gök önümleriniň birnäçesiniň dürli görnüşdäki şekillerde öndürmeklik, esasanam çagaly maşgalalar üçin has möhüm önümlere öwrüler.

Daşary ýurt döwletleriniň käbirleri 1990-njy ýyllarda kwadrat garpyz bilen meşhurlyk gazandylar. Soňky ýyllarda dürli miweleri düýbünden başga bir atmosfera berýän bazara öwrülip başlady.

Ösüş döwründe gaplanýan galyplary sebäpli dürli şekilleri alýan miweler we gök önümler köp ýurtda sarp edijileriň ünsüni özüne çekýär. Esasanam restoranlaryň halaýan şekilli miweleri myhmanlara we  çagalara sagdyn iýmitleniş endiklerine eýe bolmaga kömek eder.

Bu görýän önümlerimiz gelejekde halkymyzyň abadan durmuşda ýaşamaga höwes döretjekdigine we bereketli saçaklarmyza bezeg bereket bolup hyzmat etjekdigine ynanýarys.

Telekeçilerimiziň köpelmegi bilen ýurdymyzyň ekerançylyk pudaklaryndaky alnyp barylýan ylmy işlerimiziň netijesinde hasda uly ösüşlere ýetjekdigine ynanýarys. 

Amangeldi Hojamberdiýew
TOHU-nyň mugallymy

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok