Pagta ýygymynyň depgini barha ýokarlanýar

Daşoguz welaýatynda pagta ýygymynyň depgini barha ýokarlanýar. Şu günler pagta öndürmek boýunça şertnamalaýyn tabşyryklaryny berjaý edip, ilkinjileriň hatarynda zähmet ýeňişlerini gazanýan kärendeçileriň hatary barha artýar.

Welaýatyň ussat daýhanlary hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllygynyň uludan toýlanýan ýylynda 275 müň tonna pagta öndürip, baýramçylyga mynasyp zähmet sowgadyny taýýarlamagy maksat edinýärler. Welaýatyň Görogly, S.A.Nyýazow adyndaky, Gubadag, Gurbansoltan eje adyndaky etraplarynyň hasyl ussatlary pagta ýygymynda öňdäki hatarda barýarlar. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Welaýatyň pagta arassalaýjy kärhanalarynyň 10-synda, harmanhanalaryň 47-sinde ýygnalan hasyl gije-gündizleýin tertipde bökdençsiz kabul edilýär. Gündelik işleriň netijesiniň jemlenýän ýeri bolan harmanhanalara gelýän üsti «ak altynly» ulaglaryň hatary egsilmeýär. Harmana gowuşýan ak pagta süýüminiň uzynlygyna görä görnüşlere bölünýär. Hasyl çalt ýygnalsa, onuň süýüminiň uzynlyk ölçegi artýar.

Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz sahawaty bilen, ýygymyň öň ýanynda welaýata ýokary öndürijilikli «John Deere» kysymly pagta ýygýan kombaýnlaryň uly tapgyry gelip gowuşdy. Obasenagat toplumyny ösdürmek hem-de pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny düýpli pugtalandyrmak boýunça amala aşyrylýan toplumlaýyn işleriň netijesinde, kuwwatly tehnikalaryň üstüni ýetiren täze kombaýnlar pagtaçy ýer eýeleriniň daýanjy boldy. Häzirki wagtda ýetişdirilen bol hasyly çalt we ýitgisiz ýygnap almakda pagta ýygýan kombaýnlaryň 293 sanysy gije-gündizleýin tertipde netijeli işledilýär. Munuň üçin bereketli hasyl kemala getirilen 50 müň gektar meýdanda gowaçalaryň ýapragyny düşürmek işleri geçirildi.

S.A.Nyýazow adyndaky etrabyň S.Rozmetow adyndaky oba hojalyk paýdarlar jemgyýeti pagta ýygymynda öňdäki hatarlarda barýar. Iri hojalyklaryň biri bolan bu paýdarlar jemgyýetinde ýetişdirilen pagta hasylynyň uly böleginiň kombaýnlaryň güýji bilen ýygnalyp alynmagy üçin ähli şertler döredildi. Hojalygyň garamagyndaky kombaýnlaryň 45-siniň gije-gündizleýin usulda we bökdençsiz işledilmegi netijesinde, her günde ýygnalýan pagtanyň möçberi 400 tonnadan aşýar. Kärendeçi daýhanlaryň müňlerçesiniň agzybirlikli zähmeti, pagta ýygýan kombaýnlaryň, hasyly harmanhanalara daşaýan 1800-den gowrak ulagyň bökdençsiz işledilmegi gündelik ösüşiň ýokary bolmagyna şert döredýär.

Begli Burinow,
TOHU-nyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok