Ösümliklere zyýan ýetirilişi örän dürli hili bolýar. Ol zyýankeşiň agyz synasynyň gurluşyna , ösümligiň ösüş fazasyna, zyýan çekýän ösümligiň gurluşyna we onuň zyýana berýän reaksiýasyna bagly bolýandyr. Zyýan ýetirilişi dürli hili bolsa-da, olary özboluşly toparlara bölüp bolar. Ýetirilen zyýanyň görnüşleri zyýanly mör-möjekleri we gurçuklary kesgitlemek üçin alamat bolup hyzmat edýär. Şertleýin ösümliklere mör-möjek tarapyndan ýetirilen zyýany anyklamak üçin şeýle topara bölýäris:
- Ösümlikleriň ýapragyna ýetiren zyýany
- Ösümlikleriň baldaklaryna, şahalaryna we köküne ýetiren zyýany
- Ösümlikleriň miwesine we dänesine ýetiren zyýany.
Indi bolsa giňişleýin seredip geçeliň. Ýagny mör-möjekler tarapyndan ösümligiň ýapragyna zyýan ýetirilende onuň ýapraklarynyň gyralarynyň gödek kertilmegi bolup geçýär. Bu ýagdaý gemriji agyz synasy bolan mör-möjekler tarapyndan ýetirilýär. Zyýankeş ýapragyň esasy ýumşak, etlek ýerlerini gödek kertip iýýär, onuň diňe sapagyny we damarlaryny goýýar. Bu zyýan çekirtgeler we gurçuklar tarapyndan ýetirilip bilýär. Bu zyýankeşler ýapragy hem birnäçe görnüşde iýip bilýärler. Olar barada durup geçsek:
Ýapragyň deşik-deşik edip gemrilmegi-ösümligiň ýapragyň dokumasyny ululy-kiçili deşik edip gemirýärler. Bu zyýany ösümliklere esasan-da kebelekleriň gurçuklary, ýaprak iýiji tomzaklar we ädiktikenler ýetirip bilýärler.
Ýapragyň şekilli kertilmegi-ösümligiň ýaprak plastinkasynyň töweregi ýarym aýlawly şekil edip kertilýär. Şeýle görnüşli zyýany ösümlige kluben ädiktikenli tomzaklary ýetirýär.
Ýapragyň dokumasynyň gemrilmegi- ösümligiň ýapragynyň dokumasy üst ýüzünden gemrilýär, ösümligiň ýapragynyň beýleki ýüzündäki gabyk we öümligiň ýapragyň damarlary saklanyp galýar. Şeýle zyýany ösümlige kelem güýesiniň gurçugynyň, büre şekilli tomzaklaryň liçinkasynyň ýapragyndan iýmitleniş usulydyr.
Ýapragyň içinden joýajyk edip iýilmesi- ösümligiň ýapragyň dokumasy içinden joýajyk ýa-da oýtum edilip iýilýär, emma onuň gabygy zaýalanman galýar. Bu alamat ösümlik bilen iýmitlenýän iki ganatlylaryň liçinkasynyň, güýe kebelekleriniň gurçuklarynyň ýetirýän zyýanydyr.
Ýapragyň reňkiniň üýtgemesi-ösümlikde sorujy zyýankeşleriň zyýan ýetiren ýerinde goňur, sary gyzyl ýa-da kümüş reňkli tegmiller emele gelip ýaprak dokumasynyň reňki solýar. Ýorunjada we atanak güllülerde ýaşaýan ýasmyklar, temmäki biti, kerepli sakyrtgalar şeýle zyýany ösümliklere ýetirip bilýär we olar bilen iýmitlenýärler.
2.Baldaklara, şahalara we köke zyýan ýetirişi.
Kökleri daşyndan, topragda ýaşaýan sowka kebelekleriň gurçuklary, ýasymurtly tomzaklaryň liçinkalary, şyrkyldawuk tomzaklaryň sim şekilli liçinkalary gemirýärler.
Baldaklaryň, şahalaryň we kökiň içinden deşilip gemrilmegi. Şeýle zyýany murtlak tomzaklaryň we hozanaklaryň liçinkalary, kebelekleriň agaç ýonujy gurçuklary, galla baldak siňeginiň liçinkasy ýetirýär.
3.Ösümlikleriň miwesine we dänesine zyýan ýetirilişi
Gunçalaryň gemrilmegi. Şeýle zyýany almanyň gülüni iýiji tomzagyň liçinkasy, almanyň ýaprak bürüşdiriji gurçugy ýetirip bilýär. Däneleriň içinden iýilmegi we deşilmegi. Atanak gülli ösümlikleriň dänesi, rapsyň gül iýiji tomzagy we liçinkasy, nohudyň noýbanyň dänelerini iýii däneçi tomzaklaryň liçinkasy zaýalaýar.
Mälim bolşy ýaly, hünärmen ilki bilen ösümligiň nähili derejede näme tarapyndan zaýalanandygyny bilmeklik üçin ilki ekin meýdanyna baryp görmeli. Şondan soňra bolsa ol ösümlik haýsy faktoryň täsirinde zeper ýetirilendigini dogry anyklamaly we gerekli öňüni alyş çärelerini bellemeli. Ol bellenen öňüni alyş çärelerini ösümligi goramak kadalary esasynda dogry we doly geçirilmeli. Şu makala ýazylanda O.Söýünow “Ösümlikleri goramaklygyň meseleleri we çözgütleri ” atly gollanmasyndan we başgada birnäçe edebiýat çeşmelerinden peýdalanylyp, gysgaça berildi.
Laçyn Orazgeldiýewa
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen Oba hojalyk uniwersitetiniň talyby
Teswirler