Mineral dökünleri sepeleýji l-rmg-4 maşynyň gün energiýasy arkaly iş enjamlaryny kämilleşdirmek

Maşynyň ýük göterijiligi 4000 kg. Öndürijiligi (sagatda 12 km tekizlikde işlenilende) doly işlenilen her sagadyň dowamynda 12 ga barabar. Süňňili kuzow tutuş kebşirlenen bir bütewi emele getirýär. Kuzowyň yzky bortunda dökün geçer ýaly we sepilmeli döküniň möçberini belleýji gapagy oturdar ýaly göz goýlan. Süňňi ýöreýiş tigirlerine ýarym elliptik görnüşindäki ressor arkaly birikdirilýär.

Konweýer simden edilen, olar biri-birine her simiň epme uçlarynyň ilteşmegi bilen birikdirilen. Konweýeriň simleriniň egreldilen uçlarynyň ýiti tarapynyň (ujunyň) maşynyň ýöreýiş ugrunyň tersine bakyp durmagy zerurdyr, şeýle bolanda kuzowda gönükdiriji temawjyklaryň arassalanmagyny üpjün eder. Konweýer dökün sepeleýjiniň çep tarapky ýöreýiş tigrinden roligiň üsti bilen herekete getirilýär. Hereket rolikden konweýere zynjyrly geçirijiniň üç basgançagynyň üsti bilen geçýär, zynjyrly geçirijiler bolsa aýrylyp-goýulýan ýyldyzjyklarda zynjyryň ýerini üýtgetmek arkaly konweýeriň iki tizligini almaga, ýöreýiş tigirinden herekete getirilmegi bolsa dökün dökmegiň bellenilen möçberini bozmazdan, agregatyň iş hereketi- ni üýtgetmäge mümkinçilik berýär. Rolik ýöreyiş tigrine gidrawliki silindri arkaly, ýagny basyş stabilizatorynyň kömegi bilen sepeleýji diskleri herekete getiriş gidromotorynyň turba akarlaryna birikdirilen gidrawliki silindr arkaly gysylýar, stabilizator bolsa ressoranyň aşagyndaky ýöreýiş tigriniň ýeriniň üýtgeýänligine bagly bolmazdan hemişelik gysyş güýjüni almaga mümkinçilik berýär. 1-RMG-4 kysymly mineral dökünleri sepeleýjiniň üstüne 1 Om2 meýdanly fotoelementleri oturdýarys. 1 m2 meýdana düşýän gün energiýasynyň kuwwaty          1 kWt deň. Fotoelementleriň peýdaly täsir koeffisienti (PTK) 0,1 (10%) bolany üçin fotoelementleriň berýän kuwwaty 1kWt bolar. Gün şöhleleriniň düşüş dowamlylygy bir ýylda ortaça 80-93 göterim ýa-da 2800-3100 sagat bolýar.Ýanwarda bu görkeziji 100-150 sagat bolsa, iýulda 320-400 sagada çenli çäklerde üýtgeýär. Tomsuna Gün şöhleleriniň düşüş dowamlylygy 15 sagada, gyşda 9 sagada ýetýär. Açyk günleriň sany 166-dan 185-e çenli bulutly günleriň sany 45-e çenli bolýar.

Bu fotoelementimiziň ulanyş möhleti 15-20 ýyla ýetýär. Ýylyň dowamynda fotoelementimizi peýdalanmak üçin her işiň başlanmazyndan öň we işiň soňunda modulyň azimuta görä burçuny sazlamak we ýüzündäki çaňlary arassalamak gerek.

Traktor MTZ-80 bilen işlände sagatda 13 kg ýangyç harçlanýar. Biz ylmy işimizde gün energiýasyny ulanyp, gidromatoryň ýerine elektromatory ulansak, onda 5%-ýangyç tygşytlanylýar. Ortaça hasaplanymyzda 12 kg ýangyç harçlanýar.

Iki sany akkumulýator batareýasyny alyp, sygymy maşynyň gapdalyna ýerleşdirip we hemişelik toguň elektrodwigatelini gidromotoryň ýerine goýýarys. Mineral  dökiin sepmek üçin 1 kWt-ly hemişelik toguň elektrodwigatelini ulanýarys. Bu dwigatel 24 W işläp 40 A tok güýjüni alýar. Bulutly howada, gün şöhlesi düşmesede akkumulýator batareýalary 1,5 sagatlap iş enjamyny işledip bil- ýär. Ýagny 18 ga ýere mineral dökün döküp biler.

Bahram Matýäkubow,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba
hojalyk uniwersitetiniň uly mugallymy

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok