Iň gowy smartfonlaryň sanawy mälim edildi

«Consumer Reports» neşiri häzirki wagtda satuwda bolan iň gowy smartfonlaryň sanawyny mälim etdi. Neşiriň hünärmenleriniň pikirine görä, «Samsung Galaxy Note20 Ultra» iň gowy smartfon hasaplanýar. Hünärmenler «Galaxy Note20» mobil enjamlarynyň tanyşdyrylan senesi bolan 5-nji awgustdan soňra satuwa çykarylan smartfonlara baha berdiler. «Galaxy Note20 Ultra» ekran, güýç we ulanyş amatlylygy babatda iň ýokary bahany alypdyr. Ýokary tizlik, bir gezekki zarýady bilen 36,5 sagada ýetýän batareýa hem-de kamerasynyň aýratynlyklary babatda hem öňe saýlanypdyr. Telefonyň yz tarapynda 108 megapiksel durulygynda surata alýan kamera sensory, şeýle hem 12 megapiksel durulygynda iki sany kamera sensory bar.

Atabek Hudaýarow,
TOHU-nyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok