«Çohpetde» daýhan birleşigi bol pagta hasylyny ýetişdirdi

Kerki — Türkmenabat awtoulag ýolunyň ugrunda ýerleşýän «Çohpetde» pagta harmanhanasynyň beýgelip barýan «ak diňleri» şu günler hemmeleriň ünsüni özüne çekýär. Halaç etrabynyň «Çohpetde» daýhan birleşigi şu ýyl baharda bir müň gektar ýere gowaçanyň «Ýolöten — 39» görnüşini ekmek bilen, bol pagta hasylyny ýetişdirdi. Şu günler ony ýygyp, Watanyň uly harmanyna tabşyrmak işi gowşamaýan depginde dowam edýär. Bu barada «Türkmenistan» gazetiniň habarynda aýdylýar.

Hojalykda bar bolan kärendeçiler toparynyň 12-si hem özara ýaryşmak bilen, gowy netijeleri gazanýar. Her düýp gowaçadaky gozalary göreniňde, eýýäm hasyllylygyň 45 — 50 sentnere barjakdygyny çaklap bolýar. Bu bolsa daýhan birleşiginiň şu ýyl öz öňünde goýan 3 müň tonnalyk sepgidi eýelejekdigine güwä geçýär.

Güýz pasly pagtaçy daýhan üçin — synag döwri. Bu döwre öňünden ykjam taýýarlyk görüp, ähli tehnikany we beýleki serişdeleri pagta ýygymyna gönükdirýärler.

Günorta arakesmesi entek gutarmanka ýene-de yzy tirkegli traktor atyzyň gyrasyna gelip durdy. Şeýle sazlaşykly iş bu ýerde güýz gününiň her bir pursadyna sarpa goýulýandygyny görkezýär. Bu işde pagta ýygyjy kombaýnlara-da bil baglanylýar. Daýhan birleşigi şu ýyl 250 gektar meýdanyň pagtasyny maşynlaryň güýji bilen ýygmagy meýilleşdirip, ol ýerlerde defoliasiýa işini öz wagtynda geçiripdir. Ak patrak ýaly bolup açylan gowaçaly pelleriň bir çetinden giren «John Deere» kysymly, dört hatarly kombaýn bir günde 20 tonnadan gowrak «ak altyny» bunkerden agdardy.

Atajan Nurlyýew,
TOHU-nyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok