«Ak bulut» haryt nyşanly kärhana köpugurly önümçilini giňeldýär

Ýurdumyzda amala aşyrylýan bimöçber özgertmeleriň çäginde telekeçilik ulgamynda bazar ykdysadyýeti şertlerinde bäsleşige ukyply önümçiligi ýola goýmakda uly işler durmuşa geçirilýär. Halkymyzy zerur bolan ýokary hilli hojalyk harytlary bilen üpjün etmekde degişli işler talabalaýyk alnyp barylýar. Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynyň çäginde ýerleşýän «Ak bulut» haryt nyşanly hojalyk harytlaryny öndürýän «Türkmeniň rysgaly» atly hususy kärhanamyzda hem täze bölüm işe girizildi. Netijede, kärhana tarapyndan diş arassalaýjy we gap-gaç ýuwujy serişdeleriň, päkileriň, gaty we suwuk sabynlaryň, şampunlaryň dürli görnüşleri öndürilip başlandy.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan hususy kärhanada çaga arlyklarynyň, çygly süpürgiçleriň hem-de egin-eşik ýuwujy we tämizleýji serişdeleriň uly tapgyry öndürilýär. Ekologiýa taýdan arassa matadan taýýarlanylýan çaga bedenini tämizleýji, derini ýumşadyjy we çyglandyryjy, egin-eşikleri arassalaýjy hem-de olara ýakymly ys beriji bu hojalyk harytlary özüniň ýokary hilliligi bilen tapawutlanýar. Harytlyk derejesi ýokary bolan we dürli görnüşli döwrebap gaplara gaplanylan bu harytlar elýeterli bahalardan ilata ýetirilýär.

Kärhanamyzda täze önümçilik bölüminiň işläp başlamagy bilen bu ýerde «Ak bulut» haryt nyşanly diş arassalaýjy serişdeleriň birnäçe görnüşleri öndürilýär. Kärhanda ýerli çig mallary peýdalanmak arkaly dürli görnüşli 2 we 3 kesijili (almazly) päkileri öndürmekligiň ýola goýlandygyny aýratyn bellemek gerek.

Ýeri gelende bellesek, kärhanada köpugurly önümçiligiň giňeldilmegi netijesinde, ösümlik ýaglaryna dürli hoşboý ysly goşundylary goşmak arkaly suwuk we hojalyk sabynlary hem öndürilip başlandy. Ol sabynlar bakteriýalardan goramak häsiýetine-de eýedir. Kuwwatly enjamlaryň sazlaşykly işledilmegi netijesinde öndürilýän hojalyk sabynlary 3 görnüşde bolup, olar 80, 100, 125, 150 gram ýaly dürli agramlyklarda göze gelüwli gaplara gaplanylyp, müşderilere ýetirilýär. Bu bölümde şampun we dürli görnüşli gap-gaç ýuwujy serişdeleri, hajathana tämizleýjilerini öndürmek işlerem guramaçylykly alnyp barylýar. Kärhananyň barlaghana bölüminde bolsa, gündelik öndürilýän önümleriň hil derejesine berk gözegçilik edilýär. Her aýda ýokary hilli diş arassalaýjy serişdeleriň ortaça 500 müňüsi, sabynlaryň 2 milliony, päkileriň 1 milliony, gap-gaç ýuwujy serişdeleriň bolsa 300 müň gaby öndürilýär.

Ogulmiwe Döwletowa,
TOHU-nyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok