Zeýtun – miwesi iýilýän agaç görnüşlerine degişli bolup durýar. Zeýtun agajynyň boýy 10 metre çenli ýetip bilýän gaty, kiçi we ýaşyl süýri ýaprakly agaçdyr. Agaçda ýyllaryň geçmegi bilen jaýryklar emele gelýär. Ömri uzak uzak bolup 200 ýyla çenli ýaşap bilýär.
Ýapragynyň boýy 20-86 mm, ini bolsa 5-17 mm ýetýär. Ýaz paslynyň ahyrlarynda üýtgeşik ysly güli açylýar. Tozanlanyş şemal we mör-möjeklerler arkaly amala aşýar. Miwesi gara reňkli bolup, miwesiniň içinde gaty şänigi bardyr. Şänikden alynan ýag senagat pudagynda giňden ulanylýar. Zeýtun agajy aňsat-aňsat çüýremeýär sebäbi örän gatu we berk bolup durýar.
Zeýtun agajy ortaça 15-20 °C ýylylykda ýetişýär. Zeýtun miwesi we ýagy saglyga diýseň peýdalydyr. Ýapragyndan demlenilen çaý peşew çykaryjy we gyzgynlygy düşüriji ýaly häsiýetlere eýedir. Şol sanda diabet we gan basyş kesellerinde hem peýdasy ulydyr. Zeýtun ýagyndan birnäçe gözellik serişdeleri hem taýýarlanylýar. Ondan sabyn, şampun, duş kremleri adam tenine diýseň peýdaly we ýumşadyjy häsiýete eýedir. Türkiýe, Ispaniýa we Gresiýa ýaly döwletlerde zeýtun birnäçe asyrlardan bäri ösdürilip ýetişdirilýär. Häzirki wagtda senagat boýunça 35-den gowrak döwlet zeýtun öndürmekde öňdebaryjydyr.
Zeýtunda köp mukdarda ýag, protein, A, C we E witaminleri şeýle-de kalsiý, fosfor, kükürt, magniý ýaly minerallar bardyr. Ýürek-damar keselleri bilen bir hatarda zeýtun tiz garramagyň hem öňüni alýar.
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen
oba hojalyk uniwersitetiniň talyby
Ýakup Orazgeldiýew.
Teswirler