Kaka etrabynyň «Ýaz meýdan» daýhan hojalygy pagtaçylykda ajaýyp zähmet üstünligini gazandy. Hormatly Prezidentimiziň ýerleri isleg bildirýän raýatlara uzak möhletleýin kärendesine bermek babatdaky tagallalary bilen döredilen bu daýhan hojalygynyň ekerançylyk meýdanynyň 650 gektarynda üstümizdäki ýylda gowaçanyň bereketli hasyly ýetişdirilip, ondan «ak altynyň» 1255 tonnadan gowragy ýygnalyp, Watanymyzyň pagta harmanyna tabşyryldy. Şeýlelikde, tejribeli oba hojalyk hünärmeni Arslan Nuryýewiň daýhan hojalygy diňe bir etrapda däl, welaýat derejesinde-de ilkinjileriň biri bolup, pagta taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnamasyny ýerine ýetirdi. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berýär.
«Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda döredilen daýhan hojalygynyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleri synlanyňda, göwnüň göterilýär. Ajaýyp zähmet üstünligi gazanyldy. «Ak altynly» atyzlarda bolsa hasyl heniz köp. Atyzlara gelşik berip duran, ak patrak deýin açylan gowaça hanalary şeýle diýmäge esas berýär.
Ýeri gelende, gowaça meýdanlarynda ýetişdirilen hasylyň birinji we ikinji ýygymynyň el güýji bilen ýyglandygyny, şonuň bilen baglanyşykly, bu jogapkärli möwsüme gatnaşyjy ýygymçylaryň arasynda höweslendiriş işlerine aýratyn ähmiýet berlendigini bellemek gerek. Ýapragy birkemsiz düşürilen meýdanlara pagta ýygyjy kombaýnlaryň girmegi gündelik ýygylýan hasylyň mukdarynyň artmagyny we nobatdaky zähmet üstünliginiň gazanylmagyny şertlendirdi. Tejribeli ýolbaşçynyň aýtmagyna görä, meýdandaky galan hasyly isripsiz ýygnap, möwsümiň ahyryna çenli «ak altynyň» ýene-de 50-60 tonnasyny harmana goşup, bu babatdaky tabşyrygy 130 — 135 göterime ýetirip berjaý etmek maksat edinilýär.
Sopy Aýnaýew,
TOHU-nyň talyby.
Teswirler