Şu günler ýurdumyza tylla güýzüň bereketli gadam basmagy köňünleri heýjana getirýär .Aslynda güýz paslyňyň özü ynsan ogluna özboluşly ylham berýär. Güýz gözelligi hakynda eser döretmedik sungat we döredijilik işgäri ýok bolsa gerek. Sazandalar güýz şemalyndan ajaýyp saz eserini döretse, suratkeşlere güýz ýapraklaryndan we güýz gijesinden ajaýyp näme bolup biler …
Güýzüm men seniň görküňe çyn ýürekden aşyk her gezek sen ülkämize gadam basan günüňden başlap men seniň goýnuňda rahatlyk tapýaryn özümi bagtly hasap etýärin ýodara düşen güýz ýapraklary we giç açylan güýz gülleri güýziň mahmal şemaly güýzüň tämiz gijeleri meni özümi tanamaga kömek edýär.
Şahyr Gurbannazar Ezizowa salgylanyp aýdanymda bolsa
Ýene güýz. Güýz bolsa saralýar ýaprak
Ýaprak saralanda durlanýar pikir
diýen setirleri biygtyýar seriňe dolsa gerek .Emma kimler güýzleri öz gussasyna hasratyna deňese kimler bolsa ony ýalynly söýgisine deňeýär .Garaz güýz her bir ynsan kalbyny gozgap bilýän ajaýyp saňa düşünýän mähriban enelere meňzeş bolsa gerek. Göräýmäge her ýyl gaýtalanyp gelýän ýylyň bir pursady bolup gelýän güýzler her gezegem müň öwüşginligini ýitirmän gelýän örän täsin ýylyň möwsimi bolsa gerek .Heýde şu wagta çenli şeýle ajaýyp pursady öz deňiňizden geçiren bolsaňyz onda siz gynanyp otyrmaň .Hut şu mahal onyň wagty siz bir azajyk ýyly geýimleri geýiň onuň üçin siz sungat muzeýine ýa bolmasa başga ýerlere hem gitmek gerek däl siziň edäýmeli zadyňyz ýüregiňiz bilen seretmek gerek ähli ýerler gözellikden we ajaýyplyklardan doly ahyry barlap göriň siz ökinmersiňiz…
Gaýta siz ýene täze hujuw bilen bu durmuşa çynlakaý garap täze taslamalara gözleglere şaýat bolarsyňyz .güýz sahabaty berekedi atyzlarda görünýän güýz nygmatlaryny dadyp görmedik ýok bolsa gerek aslynda türkmen topragy bereket çeşmesi ahyry şeýle nygmatlara öz täsirini ýetirip bilýän güýzler gudurat we kerem dälmi eýsem .güýzüň öz ajaýyp nyşany bolan ak hanalar we durnalar çyn sungat eseriňiň özi hut şeýle sungat eserleri diňe atly ussada degişli bolsa gerek sungatyny biziň bilen gysganman paýlaşyp bize hem ylham çeşmesi ylham joşguny bolup golan güýzlere men çyn ýürekden aşyk.
Şeýle ajayp duýgylaryň döremegine ýardam beren tylla güýzleri duşuňyzdan geçirmäň.
Tylla güýzüm aşygyň men
Gys ýüregiňe mährem enem
Bagtly men seň goýnuňda
Sypar başym eziz ýeliň
Saralypdyr ýapraklaryň
Bir enaýy sarylyga
Seň goýnuňda düşündim men
Bu owadan barlyga
Mahmal gije sen goýnuňda
Oturýaryn daňa çenli
Hak aşygyň ykbaly bu
Çyn ýürekden saňa bendi
Güýzüm güýzüm durnalaryň
Hatar hatar geçip barýar
Ýüregimde saňa söýgim
Misli ot deý ýanyp barýar
Indi bildim sarylylygyň
Hasrat bary seň başyňda
Şol hasrata biz joş bolup
Soň düşindik garaýşyňa
Saparow Saparmyrat,
TOHU -yň mugallymy
Teswirler