Şuňkary saklamagyň usullary we onuň keseline em edilşi hakynda

Şuňkar ähli ýyrtyjy guşlaryň patyşasydyr. Onuň saklanyşy özbaşyna bir ylymdyr. Her kim şu ylmy öwrense we şoňa laýyk amal etse, onda ol kişi şuňkara doly diýenini etdirip başarar we bu babatda ähli abraýly we hormatly kişileriň ýanynda onuň mertebesi uly bolar. Şuňkarlaryň alamatlary dürli-dürlüdir. Ýöne ussatlar we hekimler hemmeler habarly bolar ýaly şuňkarlary dört görnüşe bölýärler:

Birinjisi,sary reňkli şuňkar.
Ikinjisi, gyzyl reňkli şuňkar.
Üçünjisi,ak reňkli şuňkar.
Dördünjisi,gara reňkli şuňkar.

Şuňkary tanamaklyklygyň usuly.

Şuňkaryň gahary gelen pursaty, olar eliň üstünde ýa-da başga zadyň üstünde horaz ýaly aýlanýarlar. Şeýle ýagdaýda olar misli peleň ýaly gaharly hyrryldaýarlar. Eger-de şuňkarlar ýyly ýerde saklanylsa, janyna karar tapman, derrew sowuk ýeri islärler. Şuňkarlaryň bir aýratyn tarapy olaryň bedenlerinden müşküň ysy kükäp durýar. Onuň kellesi ýylanyňky ýaly kiçi, gözleri ýiti, boýny uzyn bolýar. Ganatlarynyň ýokarsynda nagyş şekilli gyzyl menekler bolýar. Gyralarynda-da käkiligiňki ýaly owadan nagyşlar bar. Şaýelekleriniň nagşy örän açyk we aýdyň görünýändir. Ownuk ýelekleri ýüpek ýaly ýumşak we mylaýym bolýar. Şuňkaryň penjesi baýguşyň penjesi ýaly dar we gysby bolýar. Iki sany uly dyrnaklary biri-birine bakyp towlanyp durandyr. Eger onda şu alamatlar bar bolsa, onda ol guş şeksiz-şübhesiz şuňkardyr. Eger-de şu alamatlaryň hemmesi bar bolup, ýöne ganatlarynyň üstünde ownuk gara menekler bolsa, özüniň hem göwresi kiçiräk bolsa, onda ol şuňkar däldir.  Bu hili guşa syýaseň (garadaş)  diýýärler. Ýöne şuňkary tanamaklykda uly bir kynçylyk ýokdur.

Ululy-kiçili, çarwa oturymly ýa-da şäher oturymly ýer bolsun, edil adamlaryň içinden patyşany tanaýyşlary ýaly guşlaryň içinden hem şuňkary garry bolsa-da, ýaş bolsa-da derrew tanalýar.

Haýsydyr bir ýurtda şuňkar guşy görünse, muny şol ýurduň döwletliliginiň alamaty hasaplapdyrlar, onuň bardygyna begenipdirler. Her kim şuňkar guşuny tutup getirse, oňa sowgat-serpaý ýapypdyrlar, ol kişi uly hormata mynasyp bolupdyr.  Sebäbi şuňkar guşy örän gulak asyjy,  hüşgär, adama seýrek ýagdaýda tabyn bolýan guşdur.

Şuňkar guşy “Delatere” diýen ýerden başga hiç bir ýurtda tapylýan däldir. Delatere – Bu ýurduň adyny anyklap bilmedik,  ýöne bu ýerde deýlemlileriň ýurdy diýiljek bolunýan bolmagy mümkin.

Eger şuňkar guşy başga ýerlerden bu topraga geläýse , ony buşlap gelen kişä müň dirhem sowgat berilýär. Onuň uçuşy we aw awlaýşy şeýle bir ýokary derejededir welin, aklyň haýran galýandyr. Haçan-da ony durnany ýa-da başga bir guşy awlamaga uçuranlarynda,  ol al howadan  okdurylyp gelşine şol awunyň hökman boýnuny ýa-da ganatyny döwüp ýere gaçyryp biljek derejede awa ökde guşdyr.

Amangeldi Hojamberdiýew
TOHU-nyň mugallymy

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok