Daşoguz welaýatynda ösdürilip ýetişdirilen şaly ekininiň tüwüsi «Daşoguz tüwüsi» ady bilen ýurdumyzyň ähli ýerinde uly meşhurlyga eýedir. Hünärmenleriň aýtmagyna görä, welaýatymyzda ösdürilip ýetişdirilýän şalydan alynýan tüwi we tüwi önümleri özüniň hili, tagamy boýunça dünýäde iň gowy tüwi önümleriniň hatarynda durýar. Bu barada «Bereketli toprak» gazetinden aýdylýar.
Şu günler şalyçy kärendeçiler üçin aýratyn jogapkärli möwsüm dowam edýär. Olar şaly hasylyny ýygnamak işini alyp barýarlar. S.A.Nyýazow adyndaky daýhan birleşiginde 4750 gektar meýdanda, «27-nji oktýabr» daýhan birleşiklerinde 3350 gektar meýdanda şalynyň irki, aralyk, giçki görnüşleri ekildi. Şu ýyl hem şaly ekilen meýdanlaryň agramly böleginden şalynyň has bereketli hasylyna garaşylýar.
Welaýatda şaly oragyny öz wagtynda we guramaçylykly geçirmek üçin şaly orýan kombaýnlaryň, ýük daşaýan awtoulaglaryň ýeterlik mukdary bu işe çekildi. Galla kabul ediş nokatlarynyň ikisi — 30 müň tonna şalyny saklamaga we gaýtadan işlemäge niýetlenilen elewator, hasyly gaýtadan işleýän «Tüwi kärhanasy» möwsümi doly taýýarlyk ýagdaýynda garşylady. Şaly oragynda bökdençlikleriň bolmazlygy üçin ähli ätiýaçlyk çäreleri geçirildi. Welaýatyň şalyçylary howanyň amatly günlerinden peýdalanyp, hasyly öz wagtynda zaýa etmän ýygnap almak üçin ähli mümkinçiliklerden peýdalanýarlar.
Döwletmyrat Ýaryýew,
TOHU-nyň talyby.
Teswirler