Durnukly ösüş maksatlarynyň görkezijileri boýunça okuw maslahaty

Durnukly ösüş maksatlarynyň görkezijileri boýunça okuw maslahatlarynyň tapgyrlary dowam edýär. Şolaryň netijelerini BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasy (FAO) utgaşdyrýar. Şeýle maslahatlary FAO-nyň Merkezi Aziýa ýurtlaryndaky sebitiçi wekilhanasy Türkmenistanyň ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralary we ugurdaş kärhanalary üçin guraýar.
Şu hepdäniň dowamynda — 12 — 16-njy oktýabr aralygynda, umuman, dürli maksatlar üçin web-maslahatlaryň 10-sy geçiriler. Şolaryň esasy wezipesi Durnukly ösüş maksatlarynyň görkezijileri boýunça hasaplamalaryň usulyýetine goldaw bermekden we hasabatlary taýýarlamakdan ybaratdyr.
Wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly guralan maslahatlara Mejlisiň, dürli ministrlikleriň, şol sanda Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak, Maliýe we ykdysadyýet, Adalat, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrlikleriniň, Statistika baradaky döwlet komitetiniň, Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri gatnaşdylar.
Häzirki döwürde Durnukly ösüş maksatlarynyň 169 wezipesine syn bermek üçin dürli görkezijileriň 232-si kesgitlenildi. Şolaryň 21-si FAO-nyň gözegçiliginde durýar.
Maslahatyň çäklerinde Durnukly ösüş maksatlaryna we görkezijileriň ählumumy ulgamyna hem-de FAO-nyň Ýewropada we Merkezi Aziýada amala aşyrýan işlerine umumy syn berildi.
Wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän maslahatlar Durnukly ösüş maksatlarynyň oba hojalygynyň, azyk howpsuzlygynyň, suwdan peýdalanmagyň we Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň beýleki ugurlarynyň degişli görkezijilerine bagyşlandy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok