Mary welaýatynyň ussat pagtaçylary 2020-nji ýylda ýetişdirilen bereketli «ak altyn» hasylyny ýygnamak işini ýokary depgin bilen dowam etdirýärler. Şu ýyl 180 müň gektar meýdanda gowaçanyň sebitiň toprak hem howa şertlerinde ýokary hasyl berýän, kesellere durnukly görnüşlerini ekip, bol hasyl ösdürip ýetişdiren pagtaçy daýhanlar ýygym möwsüminde sahawatly altyn güýzüň her bir gününi zähmet üstünliklerine besleýärler.
Pagta ýygymynyň öň ýanynda dünýä ülňülerine laýyk, ýokary tehnologiýaly pagta ýygyjy kombaýnlarynyň uly tapgyryny sowgat aldylar. Bu kuwwatly mehanizmler welaýatda ozaldan bar bolan pagta ýygyjy kombaýnlaryň üstüni ýetirdi. Gahryman Arkadagymyzyň alyp beren täze, kämil kombaýnlary şu günler etraplaryň medeni çäklerinde, şeýle hem boz toprakly ýaýlalarynda ýapragy birkemsiz düşürilip, ýygyma doly taýýar edilen “ak altynly” meýdanlarda gije-gündizleýin ýokary öndürijilikli işledilýär.
«Ak altyn» hasylyny kombaýnlaryň güýji bilen ýygnamak işi tarp ýerli Garagum etrabynda aýratyn guramaçylykly alnyp barylýar. Bu ugurda garagumly kombaýnçylaryň zähmet göreldesine eýerýän etraplaryň az däldigini aýtmak gerek.
Rahymberdi Posykow,
TOHU-nyň talyby.
Teswirler