Ýene-de Joşua, ýene-de rekord

Gözbaşyny gadymdan alyp gaýtyan sportuň görnüşleriniň biri hem ýeňil atletikadyr. Adyndan belli bolşy ýaly, ýeňil atletika ýeňil maşklary özünde jemleýän sportuň görnüşi diýsek, dogry bolar.

IAAF diýlip atlandyrylýan Halkara ýeňil atletika federasiýasy 1912-nji ýylda esaslandyrylýar.

Ýakynda Ispaniýanyň Walensiýa şäherinde Ugandaly rekordsmen Joşua Çeptegei 10 000 metre ylgamak boýunça täze rekord goýdy. 23 ýaşly ýeňil atletikaçy bellenilen aralygy 26 minut 11 sekuntda geçip täze rekordy öz adyna ýazdyrmagy başardy. 15 ýyl mundan ozal bu rekordy Kenenisa Bekel 26 minut 17 sekuntda goýupdy.

Üstümizdäki ýylyň awgust aýynda Çeptegei 5 000 metr aralyk boýunça dünýä rekordyny goýupdy

Rüstem Berdiýew
TDBGI-niň talyby

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok