Wensen haýwanat bagy

Haýwanat baglary dünýäniň iň uly şäherleriniň köpüsinde bar. Ol ýerde ýabany haýwanlar – ýolbarslar, aýylar, maýmynlar, piller we beýleki haýwanlar saklanýat we eldekileşdirilýär. Haýwanat baglary – müňlerçe adamlaryň dynç alýan ýeridir. Şonuň üçin, haýwanlar demir gözenekli jaýlarda saklanýarlar. Ýöne mümkin boldugyça, olara tebigylyga ýakyn şertleri döredýärler.
Dünýäniň iň uly we täsin haýwanat baglarynyň biri hem Parižiň golaýyndaky Wensende ýerleşýär. Bu ýerde gyşky faunanyň dürli-dürli haýwanlary ýygnanypdyr. Haýwanlar gijelerine we sowuk howada emeli ýasalan gaýalaryň gowaklarynda gizlenýärler. Emma, bu janawarlaryň dünýäsini saklamak bäri-bäri baha däl: ýeke piliň özi günde ýüz kilograma çenli iým iýýär.
Täsin haýwanat dünýäsine niýetlenen Wensen haýwanat bagy 1931-nji ýylda esaslandyrylypdyr, 1935-nji ýylda ulanmaga berilýär. Bu haýwanat bagynda gözenekler aýratyn üns çekmän, ýabany haýwanat bagynda gezip ýören ýaly duýgyny başdan geçirýärsiň. Haýwanat bagynyň umumy meýdany 14,5 gektara barabar bolup, 1200-den gowrak haýwan saklanýar. Haýwanat bagynyň çäginde ýerleşýän 65 metr beýiklikdäki gaýa bu ýere gelip görýänlerde ýatdan çykmajak täsir galdyrýar.

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen
oba hojalyk uniwersitetiniň talyby
Resul Amangulyýew.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok