“Ulag diplomatiýasy” atly tema boýunça wideoaragatnaşyk arkaly okuw sapagy geçirildi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Gruziýanyň Söwda-senagat edarasynyň baş direktory, Gruziýanyň Hökümetiniň «Täze Ýüpek ýoly» taslamasynyň wekili, 2018-2019-njy ýyllarda Gruziýanyň Daşary işler ministrliginiň L.Mikeladze adyndaky Diplomatik okuw we gözleg institutynyň ylmy işgäri, Ilçi Dawid Apsiauriniň Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplary üçin “Ulag diplomatiýasy” atly tema boýunça wideoaragatnaşyk arkaly okuw sapagy geçirildi. Ýokary derejede geçirilen okuw sapagyna Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň professor-mugallymlarynyň we talyplarynyň, şeýle-de, bu ýokary okuw mekdebinde hereket edýän Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça guralýan fakultatiw okuwlara gatnaşýan talyplar hem gatnaşdylar.

Göni wideoaragatnaşyk arkaly guralan onlaýn okuw sapagynda prezentasiýa bilen çykyş edenler häzirki döwürde ýurtlaryň arasyndaky alnyp barylýan dostlukly, parahatçylykly gatnaşyklary, bilim, ylym, ykdysadyýet, medeniýet we başga-da birnäçe ugurlarda innowasion tehnologiýalaryň gazananlaryny ornaşdyrmakda ýola goýulýan özara bähbitli ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy öňden gelýän tejribelere esaslanyp täze hil derejä çykarmakda diplomatiýanyň esasy wezipeleri, sanly elektron ulgamyň, öňdebaryjy tehnologiýalary dogrusynda giňişleýin gürrüň etdiler.

Şeýle-de, okuw sapagyna gatnaşyjy talyplar gyzykly we maglumata baý çykyşyň dowamynda hormatly bilermenlere “Ulag diplomatiýasy” barada özlerini gyzyklandyrýan soraglary bilen ýüzlendiler. Geljekki halkaraçy hünärmenler bolup ýetişjek biz talyplar üçin onlaýn okuw sapagy örän täsirli boldy.

Güljemal ÇERKEZOWA,
Türkmenistanyň Daşary işleri ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok