13-nji oktýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda alym Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan syzylyp çykan «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» kitabynyň ХII jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň galamyndan çykan we Diýarymyzyň baý ösümlik dünýäsi, halk lukmançylygynyň gadymy ýörelgeleri bilen gyzyklanýan giň okyjylar köpçüligine niýetlenilen täze ylmy işi ýurdumyzda ilkinji gezek bellenilýän Saglygy goraýyş we derman sengaty işgärleriniň güni mynasybetli ajaýyp sowgat boldy.
Türkmen diplomatiýasynyň ýokary mekdebinde geçirilen bu dabara Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň hünärmenleri, professor-mugallymlar, we talyplar gatnaşdylar.
Dabarda çykyş edenler Türkmenistanyň baý dermanlyk ösümlikleri, olaryň adam bedenine peýdasy, ýokumlylygy barada, sagdyn durmuş ýörelgesine eýermegiň wajyplygy, arassaçylyk düzgünleriniň dogry berjaý edilemegi dogrusynda giňişleýin maglumatlar berdiler. «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» kitabynyň ХII jildiniň tanyşdyrylyş dabarasynda çykyşlar türkmen, rus we iňlis dillerinde gurnaldy. Bu bolsa hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmek» konsepsiýasynyň talaplaryna doly laýyk gelýär. Dabaraly maslahatyň ahyrynda Hormatly Prezidentimiziň adyna alkyş sözleri aýdyldy.
Sona HALYKOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby
Teswirler