Taryhda bugün (13-nji oktýabr)

Greenwich esasy meridianyň ýerleşýän ýeri hökmünde tassyklandy

1884-nji ýylyň 13-nji oktýabrynda Greenwich meridianyny nol hökmünde kesgitlemek boýunça Halkara şertnama kabul edildi. Häzirki wagtda Greenwich esasy meridian, ýagny Angliýanyň Greenwichdäki obserwatoriýasyndan geçýän meridiandygy bize mälimdir. Nol diýip kesgitlemek haýsydyr bir möhüm geografiki hasaplama bilen baglanyşykly däldir.

Bu çyzyk, ekwatoryň çyzygyndan tapawutlylykda şertli belgilenendir, ýöne kartografiýada birmeňzeşligi gazanmaga we ýeri hasaplamaga mümkinçilik berýär. Mundan başga-da, ýekeje nol meridianyň döredilmegi wagtyň kesgitlenmeginde birmeňzeşligiň döremegine goşant goşdy, sebäbi bu çyzyk ýeriň aýlanmagynyň başlangyç tapgyrynyň şertli nokadyna öwrüldi.

Türkiýäniň paýtagty Stambuldan Ankara göçdi

Ankara Kiçi Aziýanyň iň gadymy şäherlerinden biridir. B.e.öňki VII asyrdan bäri grekleriň Angira ýa-da Ankira ady bilen tanalýan bu şäher Ýewropa bilen Aziýany birleşdirýän köp söwda ýollarynyň çatrygynda ýerleşýär.

1920-nji ýylyň aprelinde, hökümet döredilen Ankarada Türkiýäniň mejlisi geçirildi. Ankara 1922-nji ýyla çenli welaýat şäheri bolan bolsa, 1923-nji ýylyň 13-nji oktýabrynda paýtagt diýlip yglan edildi.

Kolumb ilkinji gezek Täze dünýäniň kenaryna (San Salwador adasy) gondy

528 ýyl ozal, 1492-nji ýylyň 13-nji oktýabrynda H.Kolumbyň ekspedisiýasy Bagama arhipelagynyň San Salwador adasyna baryp ýetdi. Bu gün Amerikanyň açylyşynyň resmi senesi hasaplanýar.

Kolumbyň ekspedisiýasy 1492-nji ýylyň 3-nji awgustynda başlandy. 1492-nji ýylyň 12-nji oktýabrynda Kolumbyň ekspedisiýasy deňizçiniň San Salwador adasy diýip atlandyrýan adasyna duş geldi. 1492-nji ýylyň 13-nji oktýabrynda Kolumb kenara gondy, üstünde Kastiliýa baýdagyny galdyrdy, adany resmi taýdan eýeledi we bu barada kepillendiriş hatyny berdi.

Betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak boýunça halkara güni

Betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak boýunça halkara güni her ýyl 13-nji oktýabrda bellenil-ýär. BMG bu gün adamlary bu ugurda toplanan bilimleri paýlaşmaga çagyrýar.

Baş Assambleýa 2009-njy ýylyň 21-nji dekabrynda 64/200 belgili karary bilen her ýylyň 13-nji oktýabryny Tebigy betbagtçylyklary azaltmak güni hökmünde yglan etmek boýunça karara geldi. 2018-nji ýylda bu günüň adyny Tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak güni diýip üýtgetmek kararyna geldi.

Humaý ÇARYÝEWA
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok