COVID-19-yň dünýäde ýaýramagy bilen baglanyşykly söwdada gözegçiligiň güýçlendirilmegine garamazdan, Türkmenistan pomidoryň eksportyny artdyrmagyny dowam edýär. Şu ýylyň ýanwar-iýul aýlarynda Türkmenistandan pomidor önümini tabşyrmagyň möçberi 2019-njy ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 99% ýokarlandy. Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň habaryna görä, ýylyň başyndan bäri 29 müň tonnadan gowrak pomidor daşary ýurda iberildi. Bu barada Orient habar berýär.
Türkmen telekeçileri dünýäde meşhur bolan alça pomidor, rigantino we fulton ýaly pomidorlaryň dürli miweli görnüşlerini ösdürýärler. Russiýa Federasiýasy türkmen pomidorlarynyň esasy importçysy bolmagynda galýar.
Türkmenistanda pomidor ýyladyşhana şertlerinde ýylboýy ösdürilip ýetişdirilýär. Bol hasyly ýetişdirmek üçin esasan Ýewropa ýurtlaryndan we Türkiýeden satyn alynýan iň ösen we ýokary derejeli tehnologiýalar ornaşdyrylýar.
Ýyladyşhanalar müňlerçe raýaty ýylyň dowamynda iş bilen üpjün edýär. Pomidor eksportynyň ýokarlanmagy oba hojalygynyň bu pudagynyň yzygiderli ösýändigini görkezýär. Şonuň üçin oba ýerlerinde içerki zähmet bazary güýçlendirilýär.
Mahym Ataýewa,
TOHU-nyň talyby.
Teswirler