Üstümizdäki ýylyň üçünji çärýeginde kompýuterleriň satuwy boýunça rekord goýlandygy mälim edildi. Üç aýyň dowamynda dünýä derejesinde 79,2 million kompýuter müşderilere hyzmatyna berilýär. Iň köp satylan kompýuterleriň sanawynda Hytaýyň “Lenovo” kompaniýasy öňdeligi eýeleýän bolsa, ony “Dell”, “Acer” we “Apple” ýaly kompaniýalar yzarlaýarlar. “Canalys” şereketiniň berýän maglumatyna görä, agzalan döwürde kompýuterleriň satuwy 13 göterim ýokarlanyp, soňky 10 ýyllykda rekord goýlupdyr.
Berilýän maglumata görä, “Lenovo” 19 milliondan gowrak kompýuter satypdyr. Bu görkeziji bolsa bazaryň 24,6 göterimine gabat gelýär. HP kompaniýasy 18,6 million görkeziji bilen ikinjiligi eýeledi. Üçünji ýeri ABŞ-nyň “Dell” kompaniýasy eýeläp, ol bolsa 11,9 million kompýuter satypdyr. Dünýäniň iň öňdebaryjy tehnologiýa ägirtlerinden “Apple” bolsa, 6,3 million sany kompýuteri satmany başarypdyr. Beýleki kompaniýalar barada aýdanymyzda, olaryň umumy satuwy 17 million 277 müň bolup, bazaryň 21,8 göterimini emele getiripdirler.
Aýmyrat HUDAÝBERDIÝEW
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby
Teswirler