HGI-da täze kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyp ýaşlarynyň hem-de professor mugallymlarynyň hem-de  Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň hünärmenleriniň gatnaşmagynda hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly kitabynyň XII jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

       Tanyşdyrylyş dabarasynda çykyş eden myhmanlar we talyp ýaşlar öz çykyşlaryny rus we iňlis dillerinde alyp bardylar. Aýratyn hem iňlis dilinde alnyp barylan çykyşlar diýseň täsirli boldy. Bu bolsa Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmek konsepsiýasynyň talaplaryna doly laýyk gelýändiginiň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebi bolan Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyp ýaşlarynyň daşary ýurt dillerinde eden çykyşlarynda  lukmançylyk ylymlarynyň ösmeginde ýurdumyzyň sähralarynda bitýän dermanlyk ot-çöpleri ýerlikli ulanmagyň peýdasy barada bellenilip geçildi. Türkmenistanyň baý dermanlyk ösümlikleri, olaryň adam bedenine berýän peýdasy, ýokumlylygy barada, sagdyn durmuş ýörelgesine eýermegiň wajyplygy, arassaçylyk-gigiýenanyň dogry berjaý edilmegi dogrusynda giňişleýin maglumat berildi. Lukman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösimlikleri” atly köp jiltli ensiklopedik kitaby hemmeler üçin, şol sanda ýurdumyzyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň hünärmenleri we derman serişdelerini öndürýän hususy kärhanalar üçin hem esasy ylmy gollanma bolup durýar.  Bu täze kitapTürkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli, ajaýyp toý sowgady boldy.

     Türkmen topragynda bitýän dermanlyk ösümliklerden, jana şypaly melhemlerden gözbaş alýan bu kitap halk lukmançylygyna bagyşlanan ylmy ensiklopediki eserdir. Hormatly Prezidentimiz özüniň gymmatly eserlerinde dermanlyk ösümlikleriň gülünden, ýapragyndan, kökünden, tohumyndan… alynýan dürli melhemleri, jöwherleri, petleri we olaryň ulanyş ýollary barada aýratyn düşündirip geçdiler.

Nowruz KURBANOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistika fakultetiniň talyby

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok