«Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylyny uly üstünliklere besleýän hususy düzümleriň biri-de Mary şäherindäki «Gerçek» haryt nyşanly aýakgap önümlerini öndürýän kärhanadyr. Bu ýerde 2015-nji ýyldan bäri ýokary hilli aýakgap önümleri öndürilýär. Bu barada «Rysgal» gazeti habar berýär.
Şu günler kärhanada güýz-gyş möwsümi üçin täze önümleriň önümçiligi ýokary depginde dowam edýär. Häzirki wagtda, esasan, içi sütükli ädikler öndürilýär.
Bu ýerde aýakgaplaryň ýüzlerçe görnüşi öndürilýär. Çagalar, ýetginjekler, gelin-gyzlar, oglanlar üçin niýetlenen dürli biçüwdäki, dürli ölçegdäki önümler ildeşlerimiziň ýokary bahasyna mynasyp bolýar.
Kärhanada 7 bölüm hereket edýär, ýagny aýry-aýry bölümlerde dokma, çatuw, nagyşlama, lazer, tikinçilik, bezegleri dakmak, üsti açyk hem-de ýapyk görnüşli önümleri taýýarlamak işleri ýerine ýetirilýär. Olarda awtomatik usulda dolandyrylýan çig mal erginini galyba guýujy, aýakgaplary timarlaýjy, dürli reňkli ýüpleri örüji we beýleki enjamlar saz we bökdençsiz işledilýär. Aýakgaplar lazer şöhleli enjamyň kömegi bilen nagyşlanylýar, onda milli bezegleriň ulanylmagyna-da üns berilýär. Önümçilikde, esasan, emeli deri, dürli reňkli ýüpler, poliuretan, poliwinilhlorid çig mal hökmünde ulanylýar.
Şanly ýylymyzda öndürilýän önümleriň möçberi 4 milliondan geçip, ol ýylyň ahyryna çenli 6 milliona golaýlar. Isleglere görä, önümçiligiň depginini has-da güýçlendirmek mümkin. Sebäbi «Gerçek» aýakgaplaryny öndürýän kärhananyň ýyllyk kuwwatlylygy 19,5 million aýakgaba barabardyr.
Häzirki wagtda kärhanada 397 işgär zähmet çekýär. Olaryň 67 göteriminiň gelin-gyzlardygy has-da guwandyryjydyr. Berkligi hem-de oňaýlylygy bilen tapawutlanýan önümlere içerki bazarda uly isleg bildirilýär.
«Müşderilerimiziň her bir ädiminiň rahatlygy, saglygy biziň esasy aladamyz. Önümçilikde ýerli çig mallaryň ulanylmagy aýakgaplarymyzyň elýeterli bolmagyny, bazarda bäsleşige ukyplylygyny üpjün edýän şertleriň biridir.
Aýtawus Döwletowa,
TOHU-nyň talyby.
Teswirler