Ekologiýa taýdan arassa organomineral döküni alyndy

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemäge, ýerli çig mallary ylmy esasda öwrenmäge uly üns berilýär. Bu işlere talyp ýaşlar hem işeňňir gatnaşýarlar. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa instituty bilen S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti bilelikde «Oba hojalygynda ekologiki arassa organomineral dökünleriň netijeli we tygşytly usulda alnyşyny esaslandyrmak» atly temada ylmy-barlag işini geçirip, onuň netijesinde towuk dersi gaýtadan işlenip ekologiýa taýdan arassa organomineral döküni alyndy. Bu barada «Bereketli toprak» gazeti habar berýär.

Şeýle-de, organomineral dökünleriň talabyna laýyklykda, towuk dersiniň düzüminde azot, fosfor, kaliý ýaly elementleriň hem-de umumy organiki maddanyň ýeterlik derejede saklanýandygy bilen baglanyşykly işlenilen guş dersiniň topragyň ähli görnüşi üçin ýaramlydygy, täsiriniň 3-4 ýyl saklanýandygy we hasylyň mukdaryny, hilini ýokarlandyrýandygy anyklanyldy.

Munuň özi hormatly Prezidentimiziň oba hojalyk ýerlerini gurplandyrmak we ondan ýokary hasyl almak babatda öňde goýan wezipelerini durmuşa geçirmekde ýaş alymlaryň ylmy işleriniň hem uly ähmiýete eýe boljakdygyna güwä geçýär.

Annaberdi Allaberdiýew,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok