Betbagtçylyklary azaltmak boýunça halkar güni her ýylyň 13-nji oktýabrynda bellenilýär. BMG-sy bu gün adamlary betbagtçylyk töwekgelçiligini azaltmak baradaky bilimleri bilen paýlaşmaga çagyrýar. Ilkinji gezek 1989-nji ýylyň 22-nji dekabrynda BMG Baş Assambleýasynyň kararyna laýyklykda, Tebigy betbagtçylyklary azaltmak boýunça halkara on ýyllygynyň 1990-1999-njy ýyllaryň çäginde bellendi. 1999-nji ýylda BMG Baş Assambleýasy bu senäni her ýyl oktýabr aýynyň ikinji çarşenbesinde Tebigy betbagtçylyklarynyň öňüni almak, azaltmak we dolandyrmak ýaly betbagtçylyklarynyň töwekgelçiligini azaltmak boýunça global medeniýetiň emele gelmegine goşant goşýan gurallaryň biri hökmünde bellemegi dowam etdirmek kararyna geldi.
Baş Assemblaýasy 2009-njy ýylyň 21-dekabrynda karary bilen 13-nji oktýabry günüň baýram güni diýip yglan etmek kararyna geldi we adyny Tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak güni diýip üýtgetdi. 2018-nji ýylda Baş Assambleýasy bu günüň adyny Tebigy betbagtçylyklarynyň töwekgelçiligini azaltmak üçin nähili çäreleri görýändikleri barada habarlylygyny ýokarlandyrdy. Betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak boýunça halkara strategiýasy, ilkinji nobatda, tebigy, daşky gurşaw we tehnologiki betbagtçylyklaryň pidasy bolmak howpy abanýan ilatyň we jemgyýetleriň howplaryň ýaýramagynyň öňüni almak üçin bar bolan serişdeler barada ilatyň we jemgyýetleriň biliminiň möhümdigi baradaky düşünjesini ýokarlandyrmak isleýär. Ýer titremelerinden, suw joşmalaryndan we gurakçylykdan ejir çekenleriň sany çalt artýar. BMG-niň maglumatlaryna görä, 2004-nji ýylda takmynan 250 müň adam tebigy betbagtçylygyň pidasy boldy. Betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak boýunça halkara gününde BMG-sy bu günüň mowzugyny her ýyl kesgitleýär. Mysal üçin, ýyllaryň dowamynda onuň mowzuklary:” Durnuklu dag ösüşi üçin töwekgelçiligi azaltmak”, “ Mekdepde betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak başlaýar”, “Maýyplar dünýädäki betbagtçylyklara taýýarlyk görýänler üçin iň köp ulanylmadyk ätiýaçlyk”, “Tebigy betbagtçylyklar sebäpli ykdysady ýitgileri azaltmak” we başgalar degişli bolup durýar.
Arazow Eziz
TDIM-niň Halkara Gatnaşyklary institutynyň talyby
Teswirler