400 ýyl ömürli batareýa

Adamzat üçin iňňän uly ähmiýete eýe bolan oýlap tapyşlaryň, açyşlaryň birentegine tötänligiň sebäp bolandygyny siz hem bilýänsiňiz. Ýakynda Kaliforniýanyň Irwine uniwersitetiniň talyplarynyň tötänden 400 ýyllap ulanmaga ýaramly saklap biljek batareýany oýlap tapmagyny hem şolaryň hataryna goşup bileris. Başgaça aýtsak, bu batareýany 200 müňden gowrak gezek zarýad doldurmak mümkin. Üç aý dowam eden synag döwründe batareýa öz kuwwatyny zerre ýaljak hem ýitirmedi.

          Batareýany oýlap tapan toparyň ýolbaşçysy hökmünde Mýa Le Zai atly talybyň ady agzalýar. Ol 8 müň gezek zarýadlandyrmaga ukyply nano-batareýany döretmegiň üstünde işleýärdi. Alnan netije bolsa, garaşylanyndan 30 essä golaý ýokary boldy.

          Täze batareýany 2021-nji ýyldan başlap, ulanyşa giriziler.

Aşyrow Serdar,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň kafedra müdiri

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok