Türkmenistanyň obasenagat toplumyny düýpli özgertmäge we döwrebaplaşdyrmaga, onuň gaýtadan işleýän ulgamynyň kuwwatyny artdyrmaga, ilaty özümizde öndürilýän ýokary hilli azyk önümleri bilen doly möçberde üpjün etmäge gönükdirilen işler rowaçlyklara beslenýär. Bu ugurda iş alyp barýan telekeçileri höweslendirmek hem-de oba adamlarynyň işewürlige degişli başlangyçlaryny goldamak bilen, olaryň azyk bolçulygyna uly goşant goşmaklary üçin giň şert-mümkinçilikler döredilýär.
Muňa Balkan welaýatynyň Etrek etrabynda amala aşyrylýan işleriň mysalynda hem göz ýetirmek bolýar. Bu etrapda hususy ýer eýeleriniň biri 2016-njy ýylda uzak möhletleýin esasda kärendesine alan 9 gektar meýdanynda zeýtun agajynyň ýaş nahallarynyň 1700-sini oturtdy.
Türkmenistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde habar berlişi ýaly, şu ýylyň oktýabr aýynda telekeçi ýygnalyp alnan, aýratyn tagamlylygy bilen tapawutlanýan zeýtun hasylyny sarp edijilere iberip başlady. Miweleri ýygnamak işleri noýabr aýyna çenli dowam eder.
Mälim bolşy ýaly, Etregiň subtropik howa şertlerinde ösdürilip ýetişdirilýän zeýtun baglary dünýäniň beýleki ýurtlaryndaka garaňda 40—45 gün öň hasyl berip başlaýar. Bu ýeriň zeýtunynyň ýaglylygy bolsa beýleki ýerlerde ýetişdirilýän şeýle miwelere garanyňda 10-15 göterim ýokarydyr.
Zeýtun baglary suwsyzlyga çydamly bolup, ol ýylyň ähli paslynda gök öwüsip durýar. senagat önümçiliginde zeýtun miweleriniň 25 görnüşi giňden peýdalanylýar.
Göwher Täçmämmedowa,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň talyby.
Teswirler