Türkmen topragynyň sahawatlylyk bilen eçilýän miweleriniň biri ülje bolup, onuň has giňden ýaýran görnüşleri adaty ülje we çereşnýadyr. Ülje miwesiniň ýumşak, turşumtyl, ýakymly tagamly bolmagy onuň şekerliligi we kislotalylygy bilen baglanyşyklydyr. Bu turşumtykdan süýji tagamly miweden, esasan, miwe şerbetleri we mürepbe taýýarlanylýar. Ol işdä açyjy we gymmatly berhiz önümidir.
Ülje şekere, B1, B2, P, PP we C, E witaminlerine, karotine, foliý turşusyna, pektin maddalaryna, mineral duzlardan demre, margenese, kalä, mise, kobalta, kalsä, ýoda we beýlekilere baý bolan örän peýdaly miwedir. Onuň düzüminde demriň köpdügi sebäpli, ol azganlylykda peýdalanylýar.
Lukmanlar dermanlyk çig mal hökmünde üljäniň miweleri, şänikleri, ýapraklary, çybyklary we köki ulanylýar diýýärler. Üljäniň miweleri we ondan alnan şire dowamly iç gatamada içsürüji serişde hökmünde, üşütmede, bedeniň gyzgynlygy ýokary galanda, dem alyş ýollarynyň sowuklamasynda giňden peýdalanylýar.
Üljäniň çybyklaryndan hem-de şäniklerinden taýýarlanylan gaýnatma aşgazan-içege ýollarynyň kesellerinde, böwrekde daş bolan ýagdaýynda örän ähmiýetli serişdedir. Onuň ýapraklary köp mukdarda askorbin turşusyny saklaýar. Şonuň üçin ysgynsyzlykda, işdäsizlikde, witamin ýetmezçiliginde, beden gowşaklygynda ülje ýapraklaryndan demlenen çaý maslahat berilýär. Maýdalanan ter ýapraklary ýa-da olardan gaýnadylyp taýýarlanylan erginler bolsa burundan gan akanda ýa-da deri sypjyrylanda gan duruzyjy serişde hökmünde ulanylýar.
Täçnazar Allaberdiýew,
TOHU-nyň talyby.
Teswirler