Alymlar tarapyndan, ýyllaryň dowamynda güller reňklerini üýtgetýär diýip anyklanyldy. Ýagny, ABŞ-nyň Klemson uniwersitetiniň alymlary bu taslamany global maýylganlyk sebäpli gülýapraklarynyň reňkiniň üýtgändigini oýlap tapdylar.
Bu ylmy işi üçin alymlar üç yklymda 42 ösümligiň görnüşinden barlaglary geçirdiler. Alymlar ultramelewşe kameralar arkaly 1941-2017-nji ýyllar aralygynda goralyp saklanan ösümlikleriň reňklerini ölçediler. Barlaglaryň netijesinde, ösümlikleriň reňkiniň üýtgemegini howanyň maýlamagynyň sebäp bolýandygyny görkezdi. Şeýlelikde, oýap tapyjylar her ýyl 2 göterim güllerdäki ultramelewşe şöhleleri özüne çekiji pigmentleriň artýandygyny anykladylar.
Ösümlikleriň ösmegi üçin bolsa, Gün şöhlesiniň zerurdygyny bildiler. Ýöne, utgaşýan ultramelewşe şöhleler bilen gün şöhlesi ösümlige zyýan ýetirip bilýär. Şeýle bolan halatynda, ösümlikler goranmak üçin bu zyýan ýetiriji şöhleleri sorýan pigmentleri bölüp çykarmaga başlaýarlar.
Bu pigmentler bolsa, adam gözi bilen saýgarardan solak hem bolsa, ony ýörite enjamlar arkaly görüp bolýar. Barlaglaryň netijesinde, global maýylganlygyň her bir ösümlige başgaça täsir edýändigi hem subut edildi.
Hudaýberdiýew AÝMYRAT
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby
Teswirler