NBA-de iň soňky çempion

Elbetde şu gün irden belli bolan NBA-iň final duşuşyklarynyň ýeňijisi Los Angeles Lakers toparydyr. Ol soňky duşuşygynda-da Miami Heat toparyny ýeňmek bilen 2019-2020 möwsüminiň çempiýony boldy. Bu topar şeýlelik bilen 17-nji çempiýonlygyny hem yglan etdi.

Finallardaky iň gowy oýunçysy diňe Lebron James bolman, Antony Davis hem uly işler başardy. Iň soňky oýun 106-93 utuk bilen gutaran bolsa, finallardaky jemleýji 4-2 hasaby bilen Los Angeles Lakers topary Miami Heat toparyny ýeňmegi bilen çempiýon diýip yglan edildi.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok