Diňe üzüm hakynda

  • Türkmen halky üzüme ideg etmegi öz nesillerine pent edip, nakyllara siňen dana sözlerini miras goýupdyrlar. “Çillede suw içen üzüm suwsamaz” diýen pederlerimiz (çille döwri – 7.12-7.02) üzüme oňat ideg etmegi bala-çagalaryna öwredipdirler. Sebäbi üzümi hasyla duran wagty köp suwarsaň, onuň şekeri az hem-de mylkyk bolýar, ýyglansoň çalt zaýalanýar. Gün şöhlesine we guraklyga çydamly üzüm agajynyň miwesiniň süýji, sagdyn we uzak zaýalanman saklanmagy üçin ata-babalarymyz üzümi hasyla duransoň suwarmandyrlar.
  • Türkmen topragynda üzümiň birnäçe görnüşileri bar. Olardan gelin-barmak, guşýumurtga, gyzylsapak, dagtokga, düýediş, ýyrtykýaprak, öküzgözi, bidäne, terbaş, akşekerek, ertirbişer, esgeri, hanüzüm, ýegdäne ýaly görnüşleri has meşhurdyr.
  • Dünýäde üzümiň 10 müňden gowrak görnüşi bar.
  • Üzümiň ynsan saglygyna peýdasy uludyr. Lukmançylykda “ampeloterapiýa” diýen düşünje bolup, bu ugurda lukmanlar, keseli diňe üzüm arkaly bejerýärler.
  • Ispaniýada we Portugaliýada üzüm bilen bagly bir däp bar.Täze ýyl gijesi sagadyň her zaňyna maşgala agzalary üzüm iýip, ýürek arzuwlaryny beýan edýärler. 12 aýa 12 arzuw aýdylýar. Şeýdip, sagadyň 12 zaňynyň dowamynda üzüm iýlip, Täze ýyl uly umytlar bilen garşy alynýar.
  • Gyzyl üzüm tebigy derman hasaplanýar. Onuň düzüminde C, A, B1, B3, B6, B12, PP, K, e witaminler bar. Sagaldyjy güýjini duýmak üçin her gün onuň bir ýarym kilogramyny iýmek gerek.
  • Oňat ideg edilýän üzüm agajynyň 100 ýyla çenli ömri bar. Agaç näçe garry bolsa, onuň hasyllylygy hem şonça artýar.
  • Gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde tapylan kümüş we altyn teňňeleriň ýüzünde üzümiň şekili, üzüm agajynyň baldagy şekillendirilipdir. Taryhy tapyndylar gadymyýetde hem üzümiň arzyly nygmatlaryň biri bolandygyna şaýatlyk edýär.

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen
oba hojalyk uniwersitetiniň talyby
Muhammetguly Maşadow.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok