Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik kitabynyň XII jildiniň tanyşdyrlyş dabarasy geçirildi

Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik kitabynyň täze XII jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

Bu dabara Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň we onuň ýöriteleşdirilen edaralarynyň ýolbaşçylary we öňdebaryjy hünärmenleri, beýleki ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň we habar beriş serişdeleriniň, wekilleri şeýle hem talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň ösümlik dünýäsiniň ylmy-ensiklopediýasy bolan «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitaby köp ýyllaryň dowamynda diňe bir türkmen lukmanlary üçin däl, eýsem dünýäniň ençeme dillerine terjime edilen bu kitap köp sanly daşary ýurt hünärmenleri üçin hem gollanmadyr. Täze kitabyň sahypalarynda ýurtda ösýän derman ösümlikleriniň aýratynlyklary we olaryň ylmy we halk lukmançylygynda ulanylyşy barada jikme-jik maglumatlar getirilýär.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok