Türkmenistanda saglygy goraýyş işgärlerini we daşary ýurtly hünärmenleri sylaglamak dabarasy geçirildi

M.Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynyň işgärlerini sylaglamak dabarasy we ylmy maslahat geçirildi.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar gullugynyň habaryna görä, dabaraly çäräniň çäginde, Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda, saglyk ulgamynyň wekilleriniň köpsanlysy hormatly atlar we döwlet sylaglary bilen sylaglandy, şeýle-de daşary ýurtly lukmanlaryň birnäçesine bu ýokary okuw mekdebiň hormatly professory ady dakyldy.

Ylmy maslahata gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidentiniň gutlagyny höwes bilen diňlediler. Duşuşykda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gazanan üstünlikleri barada gyzykly pikir alyşmalar geçirildi.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok